Raisi: 15-nji asyr Yslam Eýranyň asyry bolar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16076-raisi_15_nji_asyr_yslam_eýranyň_asyry_bolar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti 1401-nji ýyldaky Nowruzlyk sargydynda 15-nji asyry, Yslam Eýranyň asyry we Eýran halkynyň işjeň rol oýnan döwri diýip atlandyrdy.
(last modified 2022-03-21T07:39:35+00:00 )
Mar 21, 2022 12:39 Asia/Ashgabat
  • Raisi: 15-nji asyr Yslam Eýranyň asyry bolar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti 1401-nji ýyldaky Nowruzlyk sargydynda 15-nji asyry, Yslam Eýranyň asyry we Eýran halkynyň işjeň rol oýnan döwri diýip atlandyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ybraýym Raisi, ýekşenbe güni täze ýyl we Nowruz mynasybetli iberen ýüzlenmesinde, Täze ýyly gutlap, 15-nji asyry Yslam Eýranyň asyry diýip atlandyrdy we şeýle diýdi: Sekiz ýyllyk uruş döwründe dünýäniň gündogary we günbatary Eýranyň garaşsyzlygyna garşy bir frontda hatar gurdular yöne häzirki wagtda olar Eýran bilen aragatnaşyk saklamak üçin bäsleşýärler; Bu, Eýranyň beýik halkynyň beýikliginiň alamatydyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Gepleşikler bilen bir wagtyň özünde zalymlykly sanksiýalary zyýansyzlandyrmak üçin elimizden gelenini etdik we jenaýatçylykly sanksiýalary ýok etmek üçin syýasy we hukuk gurallary bilen gepleşikler geçirip, sanksiýalary zyýansyzlandyrmaga ünsi jemledik diýdi.

Raisi şeýle-de Eýranyň hökümeti goňşulary bilen halkyň bähbidi üçin söwdany ösdürýär diýmek bilen bu döwürde ykdysady ösüşiň we durnuklylygyň alamatlary we Eýranyň daşary söwdasynyň we nebit däl eksportynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy ýüze çykdy diýip beýan etdi.

Soňda, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti täze ýylyň bütin dünýäde koronanyň gutarjakdygyna we dünýäniň ähli ýurtlarynda söweşiň we awaralygyň gutarjakdygyna umyt bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de, Nowruzyň gelmegini we 1401-nji ýylyň başlanmagyny aýry-aýry sargytlar boýunça Nowruz siwilizasiýasy pudagyndaky ýurtlaryň ýolbaşçylaryny gutlady.