Ynkylapyň ýokary lideri: Eýran halky ulumsylyga garşy göreşde dogry ýoly saýlady
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Owganystanda, Ukrainada we Ýemende bolup geçýän global meselelere ünsi çekip: "Bu wakalaryň hemmesi, ulumsylyga garşy göreşde eýran halkynyň kanunylygyny we dogry ýoly saýlanandygyny görkezýär diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri, 1401-nji ýylyň birinji gününde göni ýaýlymda we telewideniýede çykyş edip, Nowruzy baýramyny we täze asyryň başlanmagyny gutlap, häzirki wagtda bolup geçýän dürli global meselelere we bu ýagdaýlaryň hemmesiň dogry meýilleşdirmäge, herekete, karara we çärelere mätäçdigine yşarat edip dDünýäniň häzirki meselelerine ser salanymyzda, Eýran halkynyň ulumsy frontuň öňünde kanunylygy we haklydygy has aýdyňlaşýar diýip beýan etdiler.
Aýatolla Hameneýi Hezretleri, Eýran halkynyň ulumsy fronta garşy saýlanmagynyň "garşylyk, boýun egmezlik, garaşsyzlygy goramak we düzgüniň we ýurduň içerki berkidilmegi" bolandygyny belläp: Bu kararlar milli we dogrydyr diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Gudratygüýçli Allanyň eýran halkyna umyt üçin esas döredendigini belläp: Goý Eýran halkynyň umytly bolmagyndan duşmanlar gahar gazapda bolsunlar diýip nygtadylar.
Hezretleri şeýle-de Owganystanyň ezilen we musulman halkynyň ýagdaýy we 20 ýyllyk sütemden we jenaýatçylykdan soň Amerikalylaryň nähili çykmagynyň ýollaryna yşarat edip Ukraina meselesi hem, ýene bir mysaldyr Günbatar tarapyndan iş başyna getirilen prezident indi olara ýüzlenmek bilen ýiti äheň ulanýar diýip nygtadylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Ýemendäki wakalara we bu ýurduň çydamly halkynyň gündelik bombalanmagyna, beýleki tarapdan Saud Arabystanynyň 80 ýaş we ýetginjegiň kellesini kesmek meselesine-de yşarat edip: Bu hadysalaryň hemmesi dünýäniň zalym häkimleriň we ganhor möjekleriň elindedigini görkezýär diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri şeýle-de, "ýurduň ykdysadyýetini ABŞ-nyň sanksiýalaryna baglamakdan saklanyň we sanksiýalar girizilýänçä ýagdaýyň şeýle boljakdygyny aýtmaň".diýen geçen ýylyň birinji gününe aýdan sözlerini ýatlap begeç bilen, ýurtdaky täze syýasatlar ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna garamazdan öňegidişligiň bolup biljekdigini, Daşary söwdany ösdürip boljakdygyny, sebitleýin şertnamalary baglaşyp nebit we beýleki meseleler boýunça üstünlikleri gazanyp boljakdygyny görkezdi diýip beýan etdiler.