Ynkylapyň ýokary ýolbaşçysynyň bilim esasyndäki önümçilik hakda beýanaty
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri duşenbe güni täze ýylyň birinji gününde (1401-nji ýyl) Eýranyň halky bilen eden çykyşynda ýurduň ykdysady meseleleri barada möhüm pikirleri aýtdylar.
Aýatolla Hameneýi, ýurduň ykdysady meselelerini özgertmek üçin bilimlere esaslanýan ykdysadyýete tarap hereket etmelidigini nygtap; "Ykdysadyýetde adalatly öňegidişlige ýetmek we garyplyk meselesini çözmek diňe önümçiligi güýçlendirmek arkaly gazanylyp bilner we bilime esaslanýan hyrytlary öndürip önümçiligi güýçlendirsek, bu beýik maksada ýetiler diýdiler".
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri çykyşynyň başga bir böleginde, geçen ýylyň ilkinji gününde "ýurduň ykdysadyýetini ABŞ-nyň sanksiýalary bilen baglanyşdyrmak we sanksiýalaryň bolan halatynda ýagdaý şeýle diýmeden gaça durmagy aýdypdym diýmekleri bilen, "Bagtymyza, täze syýasatlarymyz bilen, ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan öňegidişlik gazanyp, daşary söwdany ösdürip, sebitleýin şertnamalary baglaşyp we nebit we beýleki meselelerde öňegidişlik gazanyp bildik diýdiler.
Bilime esaslanýan ykdysadyýet, önümçilige üns we içerki mümkinçilikler soňky ýyllarda Rewolýusiýanyň Ýolbaşçysy tarapyndan hemişe nygtalýan meseleleriň biri bolup durýar we wezipeli adamlary problemalary çözmek üçin amaly çözgütleri kabul etmäge we ýurduň ähli ugurlarda öňegidişlik tizligini ýokarlandyrmaga çagyrdylar.
Aýatolla Hameneýi 1400-nji ýylyň tomusynda Prezidentiň we 13-nji kabinetiň agzalarynyň ilkinji ýygnagynda ykdysady meseleleriň çözülmeginde wagtlaýyn çözgüt gözlemeli däldigini aýdypdiler.
1357-nji ýylyň bähmän aýynda Ynkylabyň ýeňişe ýetmegi bäri, Eýran Yslam Respublikasy duşmanlaryň köp sanly syýasy, ykdysady, medeni we harby basyşlaryndan ejir çekýär; Soňky ýyllarda Eýranyň ylmy ösüşiň öňüni we milli we sebitdäki güýjüniniň öňüne geçip bilmänsoň , ABŞ , Eýrana iň ýokary sanksiýalary girizdirdi.Ýöne Eýran bolsa ähli basyşlaryň öňünde durandyr.