Amir Abdullahian Siriýanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16106-amir_abdullahian_siriýanyň_prezidentiniň_milli_howpsuzlyk_geňeşçisi_bilen_duşuşdy
Eýranyň Daşary işler ministri Siriýanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi bilen duşuşdy we gyzyklanýan meseleler barada pikir alyşdy.
(last modified 2022-03-24T09:50:55+00:00 )
Mar 24, 2022 14:50 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian Siriýanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi bilen duşuşdy

Eýranyň Daşary işler ministri Siriýanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi bilen duşuşdy we gyzyklanýan meseleler barada pikir alyşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri çarşenbe güni Siriýa üçünji sapary wagtynda ýokary derejeli wekiliýetiň başynda Tährandan Damaska ​​gitdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian çarşenbe güni Siriýanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Ali Mamluk bilen duşuşanda, Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde alyp barýan tagallalaryna yşarat edip Eýranyň Siriýanyň hökümetine we halkyna berýän goldawyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Siriýanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Ali Mamluk hem, Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki durnuklylygy berkitmekde we esasanam terrorçy toparlara garşy göreşde möhüm ornuna ünsi çekmek bilen general Gasem Soleýmanyň bu meselede pozisiýasyna ýokary baha berdi we oňa hormat goýdy.