Mousavi: Takfirileriň kowumlaryň arasynda agzalalyk döretmek baradaky hereketleri hiç ýere gitmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16350-mousavi_takfirileriň_kowumlaryň_arasynda_agzalalyk_döretmek_baradaky_hereketleri_hiç_ýere_gitmez
Eýranyň Daşary işler ministriniň kömekçisi: "arbaplarynyň dürli etnik toparlaryň, dinleriň we milletleriň arasynda kör çaknyşyklary döretmek baradaky erbet niýeti bolan Takfirileriň terrorçylyk hereketleri hiç ýere gitmez" -diýdi.
(last modified 2022-04-07T03:09:31+00:00 )
Apr 07, 2022 08:09 Asia/Ashgabat
  • Mousavi: Takfirileriň kowumlaryň arasynda agzalalyk döretmek baradaky hereketleri hiç ýere gitmez

Eýranyň Daşary işler ministriniň kömekçisi: "arbaplarynyň dürli etnik toparlaryň, dinleriň we milletleriň arasynda kör çaknyşyklary döretmek baradaky erbet niýeti bolan Takfirileriň terrorçylyk hereketleri hiç ýere gitmez" -diýdi.

Sişenbe güni agşam, dünýädäki şaýylaryň sekizinji ymamy Ymam Rezanyň (as) ybadathanasynyň howlusynda bir Takfiri üç ruhana garşy pyçak bilen hüjüm etdi; Hüjümde bir ruhany şehit we iki ruhany hem ýaralandy we keselhana göterildi.

Hüjüm eden adam hukuk goraýjy edaralaryň we gorag bölüminiň kömegi bilen tussag edilip, Eýranyň aňtaw gullugyna we howpsuzlyk işgärlerine tabşyryldy.