Amir Abdullahian: Diplomatiýanyň ýoly açykdyr
Eýranyň Daşary işler ministri biz abraýly, durnukly we gowy ylalaşyk gazanmak üçin diplomatiýa ýoluny dowam etdireris diýdi.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdullahian" şu gün, ýekşenbe, Eýranyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Daşary ykdysady gatnaşyklary utgaşdyrmak merkeziniň ilkinji ýygnagynda beren gürrüňlerinde Sanksiýalaryň ýatyrylmagyny isleýäris, ýöne mertebe we durnuklylyk bilen, ýöne ýurduň prezidentiniň aýdyşy ýaly diňe Wena gepleşiklerine bil baglamaly däldiris diýip nygtady.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de üç Ýewropa döwleti bilen tehniki çekişmelerde netijä geldik diýdi.
Amir Abdullahian soňky iki ýa-da üç hepdäniň dowamynda Amerikan tarapynyň tekstiň käbir maddalaryna ters gelýän aşa talaplary öňe sürendigini aýtmak bilen hem-de olaryň sanksiýalary ýatyrmak meselesinde, gepleşikleriň daşynda täze şertleri teklip etmek we girizmek bilen gyzyklanýandygyna yşarat edip ýöne Eýranyň oz gyzyl çyzyklaryny gorajakdygyny mälim etdi.