Amir Abdullahýan ýemeniň gabawynyň doly aýyrylmagyny nygtady
(last modified Tue, 12 Apr 2022 10:24:40 GMT )
Apr 12, 2022 15:24 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahýan ýemeniň gabawynyň doly aýyrylmagyny nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýemeniň gabawyny doly ýatyrmagyň we hemişelik ot açyşlygyň bes edilmeginiň we Ýemenlileriň gepleşiklerine ýol açmagyň zerurdygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdullahian Ýemeniň milli halas ediş hökümetiniň ilçisi Ybraýym Al-Dailami bilen Eýranyň Daşary işler ministrliginde duşuşanda Ýemen halkynyň koalisiýa hüjümlerine garşylygy we Ýemendäki dartgynly ýagdaý baradaky aladalara yşarat etmek bilen Ýemeniň gabawyny doly ýatyrmagyň we hemişelik ot açyşlygyň bes edilmeginiň we Ýemende ýurduň ykbalyny kesgitlemek üçin gepleşiklere ýol açmagyň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Ýemen halky öz ykbalyny garşylyk we akyl ruhy bilen çözer diýdi.

Ýemeniň milli halas ediş hökümetiniň ilçisi Ybraýym al-Dilami hem bu duşuşykda, Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň we halkynyň Ýemeni goldaýan pozisiýalaryna ýokary baha bermek bilen Amir Abdullahian-a wagtlaýyn ýaraşyk prosesi we bu ýurtdaky soňky wakalar barada maglumat berdi.

Saud Arabystany, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, BAE-nyň we beýleki birnäçe ýurduň goldawy bilen 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemene harby çozuş edip bu ýurdy gury ýer, deňiz we howadan gabap gelýändir.