Wahidi: Hyratda we Kabuldaky wakalar Eýran bilen Owganystanyň arasynda agzalalyk döretmek maksatlydyr
Eýranyň içeri işler ministri: Hyratda we Kabulda görülýän çäreler Eýran bilen Owganystanyň arasynda düşünişmezlik döretmäge gönükdirilendir diýdi.
Owganystanyň syýasy işgärleriniň we alymlarynyň giňden seslenmegine sebäp bolan ymam Reza (AS) yň ybadathanasynyň howlusynda Takfiri elementleriniň terrorçylykly wakasyndan soň Owgan bosgunlaryna gynamalary we ýowuz daraşmalary öz içine alýan kesgitlenmedik salgylaryň suratlary indi owgan kibernetik giňişliginde giňden ýaýrady we ýaýramagyny dowam etdirýär.
Duşenbe güni birnäçe adam Eýran Yslam Respublikasynyň Kabuldaky ilçihanasynyň we Hyratdaky Eýranyň Baş konsullygynyň öňünde ýygnanyp, daş zyňmaga başlady. Bu waka takmynan bir aý mundan ozal eýranlylaryň we owganlylaryň duýgularyny öjükdirmek maksady bilen internet giňişliginde owgan bosgunlary barada käbir ýalan habarlar çap edilmeginden soň ýüze çykandyr.
Şunuň bilen baglylykda, şu gün irden (sişenbe) Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Günorta Aziýanyň baş müdiri "Seýid Rasoul Musawi" Yslam Respublikasynyň Ilçihanasyna edilen hüjümler barada Owganystanyň Tährandaky ilçihanasynyň wekili çagyryp Eýranyň Kabuldaky we Eýran Yslam Respublikasynyň Hyratdaky Baş konsullygyna bolan hüjümden nägilelik bildirmek bilen diplomatik wekilhanalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde hökümetleriň jogapkärçiligini ýatlap, Eýran Yslam Respublikasynyň wekilhanalaryna hüjüm edenlere garşy kanuny çäre görmäge çagyrdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Kabuldaky ilçihanasy şeýle hem howpsuzlyk meselesi boýunça konsullyk hyzmatlary şu günden (sişenbe) şu hepdäniň ahyryna çenli ýapyljakdygyny habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda we IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň içeri işler ministri "Ahmad Wahidi" sişenbe güni Korona garşy Milli Baş edaranyň operasiýa merkeziniň ýygnagyndan soň habarçylara ýurduň serhetleriniň ýagdaýy we Owganystandaky soňky wakalar barada şeýle diýdi: Akymlar Eýran bilen Owganystanyň arasynda düşünişmezlik döretmäge synanşýandygyny mälim edýär we bu duşmanyň meýilnamasydyr diýdi.
Wahidi, iki ýurduň arasyndaky uzyn taryh we gowy gatnaşyklara yşarat edip Eýranlylar owgan bosgunlary üçin mydama myhmansöýerdi, Hyratda we Kabulda käbirleriň hereketleri goldanylmady we elbetde dartgynlylygy döretmäge gönükdirildi we owgan resmileri bu meselelerde hüşgär bolmaly diýip nygtady.