Owganystandaky Eýranofobiýa; Eýranda Owganystan fobiýasy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Eýranyň we Owganystanyň arasyndaky çuňňur taryhy we köp gatlakly gatnaşyklara ünsi çekip , 2 ýurduň gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrjak bolýanlaryň we dildüwşük guranlaryň meýilnamalary barada duýduryş berdi.
Geçen Duşenbe güni 11-njy aprelde Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Owganystanyň dolandyryş toparynyň diplomatik merkezleriň howpsuzlygyny goramakdaky jogapkärçiligini ýada salyp ,Eýran Yslam Respublikasynyň Kabuldaky ilçihanasynyň we Heratdaky we beýleki şäherlerdäki wekilhanalarynyň doly howpsuzlygynyň üpjün bolmagyny nygtap , Bu merkezleriň howpsuz işlemegi üçin Owgan hükümeti zerur kepillikleri bermelidir diýdi.
Duşenbe güni birnäçe adam Eýran Yslam Respublikasynyň Kabuldaky ilçihanasynyň we Hyratdaky Baş konsullygynyň öňünde ýygnanyp, daş zyňmaga başlady. Bu waka takmynan bir aý mundan ozal eýranlylary we owganlylary öjükdirmek maksady bilen internet giňişliginde owgan bosgunlary barada käbir ýalan habarlaryň neşir edilmeginden soňra bolandyr.
Geçen sişenbe güni bir Takfiri adam, Maşat şäherindäki sekizinji şaýy ymamy Ymam Reza (AS)yň ybadatmekanynyň howlusynda, üç sany ruhany zyýaratçynyň üstüne hüjüm edip ikisini şehit we birisini ýaraly etdi. Bu hadysa owgan syýasatçylarynyň we ruhanylarynyň giňden ýaýran reaksiýalaryna baryp çatsada, Eýranda ýaşaýan owgan bosgunlaryň gynalan we kemsidilen real bolmadyk şekilleri çap edildi.
Soňky hepdelerdäki habar akymlaryna berlen baha, duşmanyň Eýranda we Owganystandaky jemgyýetçilik pikirine täsir etmek üçin meýilleşdirilen hereketleriniň Eýranofobiýa we Owganystanofobiýa arkaly alnyp barylýandygyny görkezýär; Şu nukdaýnazardan owgan bosgunlarynyň Eýrana hüjümleri ýa-da Eýranyň dürli şäherlerinde terrorçylyk hereketlerini meýilleşdirýän owgan raýatlarynyň toparlarynyň tussag edilmegi baradaky kämahal köne ýa-da ýalan habarlaryň neşir edilmegine Şol bir kontekstde baha berip bolýar.
Etnik we dini dawalary döretmek ýa-da güýçlendirmek, duşmanlaryň, şol sanda Günbatar ýurtlarynyň goňşy ýurtlarda krizisleri we howpsyzlygy döretmek syýasatlaryndan biri bolýandyr. Günbatar ýurtlary immigrantlar meselesini Eýran Yslam Respublikasyna garşy güýç hökmünde ulanýarlar, şol bir wagtyň özünde-de olaryň owgan halkyna adamkärçilikli garaýyşy ýokdyr.
Bu aralykda, Eýran Yslam Respublikasy kyrk ýyldan gowrak wagt bäri owgan immigrantlaryny myhman alýar we häzirki wagtda azyndan 5 milliony Eýranda ýaşaýar .