Raisi: Duşmanlaryň ähli hereketleri Eýranyň ýaragly güýçleriniň gözegçiligindedir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16484-raisi_duşmanlaryň_ähli_hereketleri_eýranyň_ýaragly_güýçleriniň_gözegçiligindedir
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň öňüni alyş güýjidigini aýdyp, Sionist režim ýaly duşmanlaryň sähelçe hereketi hem bu güýçleriň gözlerinden gizlenmeýär diýdi.
(last modified 2022-04-18T06:53:04+00:00 )
Apr 18, 2022 11:53 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Duşmanlaryň ähli hereketleri Eýranyň ýaragly güýçleriniň gözegçiligindedir

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň öňüni alyş güýjidigini aýdyp, Sionist režim ýaly duşmanlaryň sähelçe hereketi hem bu güýçleriň gözlerinden gizlenmeýär diýdi.

29-njy Farwardin (18-nji aprel) Eýran senenamasynda goşun güni diýlip atlandyrylýar.

29-njy Farwardin goşun güni diýip atlandyrmak, Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjy Ymam Homeýniniň (RA) başlangyçlaryndan biri; ol hem Yslam respublikasynyň goşunynyň dürli içerki we daşarky bidüzgünçiliklere duçar bolýan wagtydy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi duşenbe güni Ymam Homeýniniň (RA) ybadathanasynda geçirilen Goşun güni paradynda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň köp mümkinçilikleri bar. Iň esasy ukyp, yhlasly güýçlere eýe bolmak we meýdanda töwekgelçilik etmäge we islendik duşmana garşy durmaga taýyn bolmagydyr diýdi.

Raisi şeýle-de Eýran goşunynyň sanksiýalardan pursat höküminde peýdalanandygyny aýtmak bilen bu sanksiýa döwürinde iň oňat peýdalanan tarap harby senagat bölümi boldy we goşun köp mümkinçiliklere eýe boldy diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň ýurdy we Yslam Ynkylapyny goramak üçin oňat enjamlaşdyrylan we taýýar güýçdigini aýtmak bilen Yslam rewolýusiýasyny söýýänlere bu taýynlygyň sargydy umyt sargydydyr diýdi.