Garibabadi: Şwesiýa musulmanlar üçin türmä öwrüldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16486-garibabadi_Şwesiýa_musulmanlar_üçin_türmä_öwrüldi
Kazyýetiň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygynyň orunbasary we Eýranyň Adam hukuklary merkeziniň sekretary Şwesiýany musulmanlaryň türmesi diýip atlandyrdy.
(last modified 2022-04-18T11:49:48+00:00 )
Apr 18, 2022 16:49 Asia/Ashgabat
  • Garibabadi: Şwesiýa musulmanlar üçin türmä öwrüldi

Kazyýetiň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygynyň orunbasary we Eýranyň Adam hukuklary merkeziniň sekretary Şwesiýany musulmanlaryň türmesi diýip atlandyrdy.

TRT World TW ýakynda suratlary efire berdi şonda Şwesiýada bir adam Guran kerime bihormatçylyk edip bu mukaddes kitaby ýakýar.

Daniýadaky iň sagçy partiýanyň lideri Rasmussen Paluden Şwesiýanyň bir etrabynda Gurany ýakdy. Bu hereket Şwesiýada we birnäçe yslam ýurtlarynda nägilelik döretdi.

Ýakynda Şwesiýada bolup geçen wakalardan soň, ýekşenbe güni Şwesiýanyň Tährandaky ilçihanasynyň ygtyýarly wekilleri Eýranyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çagyryldy we Tähranyň söz azatlygy bahanasy bilen we Şwesiýa polisiýasynyň goldawy bilen edilen kemsidiji çärä berk garşydygyny Şwesiýanyň ygtyýarly wekiline habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, IRNA-nyň duşenbe güni beren habaryna görä, Kazyýetiň halkara gatnaşyklar ministriniň orunbasary we Eýranyň Adam hukuklary merkeziniň sekretary "Kazem Gharibabadi" twitde ýazdy: Dini mukaddeslikleriň hormatyny aýak aşaga salmak hiç bir  ýagdaýda kabul ederlikli däldir diýdi.