Ynkylabyň ýokary lideri: Palestina halky mazlumlygyna garamazdan kuwwatlydyr
(last modified Wed, 27 Apr 2022 05:18:31 GMT )
Apr 27, 2022 10:18 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary lideri: Palestina halky mazlumlygyna garamazdan kuwwatlydyr

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy mazlumlygyna garamazdan palestina halkyny kuwwatly hasapladylar we palestinalylaryň ýatdan çykarylmagyna ýol bermeýän palestinaly ýaşlaryň göreşine we garşylygyna ünsi çekip Kuds güni ezilen Palestina halky bilen duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirmek üçin gowy pursatdyr diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý, sişenbe güni agşam ýüzlerçe talyp we talyp guramalarynyň agzalary bilen duşuşygynda, şu ýylky Kuds gününi öňki ýyllardan tapawutly hasaplap Palestina halky we ýaşlary uly gaýdusylyk bilen, Sionist režimiň garşysynda çydam görkezýärler ol bir tarapdan  Sionist  režimi bolsa aşa wagşylygy we jenaýaty ulanýar we halan işini edýär we ABŞ we Ýewropa hem muny goldaýarlar diýip nygtadylar.

ol hezretleri Yslam döwletleriniň Palestina meselesindäki hereketlerini berk tankytlap Gynansagam, yslam döwletleri gaty pes çemeleşýärler we hatda Palestina barada gürleşmek islemeýärler, käbirleri hem Palestina kömek etmegiň ýoly sionistler bilen gatnaşyk gurmakdyr öýdýärler, bu bolsa uly ýalňyşlykdyr diýip sözüne goşdylar.

Rewolýusiýanyň lideri, kyrk ýyl mundan ozal Müsüriň hökümetiniň goýberen uly ýalňyşlygy we sionistler bilen gatnaşyk gurmak barada aýdyp, Müsüriň sionist  režimi bilen arabaglanyşygy, sionistleriň palestina halkyna garşy eden jenaýatlaryny azaltdymy? we Anwar Sadatyň şol bir ýalňyşlygyny gaýtalar ýaly Al-Aqsa metjidine garşy bihormatçylyklar azaldymy? diýip sorag berdiler.

Aýatolla Hameneý, aragatnaşyk gurmagyň Sionist režimi üçin hem peýdaly bolmajakdygyny belläp, Taňrynyň merhemeti bilen Palestindäki işleriň soňy gowy we hoşlyk bilen gutarar we ýakyn wagtda palestinalylar öz topraklarynda we Al-Aqsa metjidinde höküm sürerler diýip umyt bildirdiler.