Raisi: Tähran-Bagdadyň gatnaşyklaryny giňelmeginde Yragyň täze parlamenti täsirli rol oýnaýar
(last modified Wed, 27 Apr 2022 18:31:31 GMT )
Apr 27, 2022 23:31 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Tähran-Bagdadyň gatnaşyklaryny giňelmeginde Yragyň täze parlamenti täsirli rol oýnaýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Yragyň täze parlamenti, Eýran bilen Yragyň integrasiýa we ykdysady we sosial gatnaşyklarynda geçmişdäki ýaly täsirli rol oýnap biler diýdi.

IRNA laýyklykda; Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, Yrak Mejlisiniň başlygy Muhammet Al-Halbousi bilen duşuşygynda, Eýran bilen Yragyň arasyndaky müňlerçe ýyllyk dostluga we goňşuçylyga yşarat edip iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin çynlakaý isleg bar we Eýran bilen Yragyň iki ýurdunyň arasyndaky çuňňur we dostlukly gatnaşyklary hiç bir faktor bozup bilmez diýdi.

Raisi Yrak mejlisiniň başlygynyň gaýtadan saýlanmagyny gutlamak bilen Yrak mejlisiniň agzalary düşünişmek we duýgudaşlyk bilen prezident we premýer-ministr saýlamak we ministrler kabinetini döretmek arkaly Yrak halkynyň dürli meselelerini gysga wagtda çözmäge kömek eder we Yragyň goňşy ýurtlar, esasanam Eýran bilen gatnaşyklaryny giňelder diýip umyt edýärin diýdi.

Raisi şeýle-de Yrak parlamenti goňşularyň howpsuzlygyna howp salýan we sebitiň durnuklylygyny bozýan faktorlaryň döremeginiň öňüni almak üçin zerur kanunlary kabul eder diýip umyt edýärin diýip sşzlerine goşdy.

Yrak mejlisiniň başlygy Muhammet Al-Halbousi hem iki halyk bilen iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary dowam etdirmegiň we berkitmegiň zerurdygyny aýtmak bilen iki ýurt hem kyn ýyllary başdan geçirdi we öz halklary üçin başga geljegi döretmek üçin bilelikde işlemelidigini aýtdy.

Tags