Raisi: Eýran-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösüşine badalga berilmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
IRNA nyn beren habaryna gora Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ony we ýurdunyň halkyny Oraza baýramy bilen gutlamak bilen bir wagtda Türkmenistanyň ozalky prezidentliginiň çäreleri bilen Tähran bilen Aşgabadyň dürli ugurlarda, şol sanda gaz, tranzit we demir ýol hyzmatdaşlygyndaky gatnaşyklar gowy öňe gitdi we bu işiň geljekde çaltlaşdyryljakdygyna ynanýaryn diyip yglan etdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Serdar Berdimuhamedow, prezidentiň we Eýranyň halkyny oraza baýramy bilen gutlap, iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň otuzynjy ýyl dönümini belläp, Türkmenistan, dürli mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge gyzyklanýar we Bilelikdäki Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň işjeňleşdirilmegi bu maksada ýetmäge kömek eder diydi.