Kataryň emiriniň Eýrana sapary; Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze pursat
(last modified Fri, 13 May 2022 05:01:40 GMT )
May 13, 2022 10:01 Asia/Ashgabat
  • Kataryň emiriniň Eýrana sapary; Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze pursat

Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Tani resmi sapar üçin penşenbe güni Tährana geldi we Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybrahym Räisi bilen duşuşdy.

 

 "Şu gün Kataryň emiri bilen geçirilen gepleşiklerimizde, Eýran bilen Kataryň arasynda syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, syýahatçylyk we energiýa ugurlaryndaky gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekmekden başga-da iki ýurduň arasynda bilelikdäki maýa goýum işleriň we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine we giňelmegine ünsi çekdik diýip Eýranyň prezidenti aýtdy.Räisi , Geçen ýylyň mart aýynda dost , dogan  we goňşy ýurdumyz Katara eden saparymyzda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin gepleşikler we taýynlyklar geçirildi we Dohada we bu ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan netijä gelmek üçin zerur zat, Eýran Yslam Respublikasy we  iki ýurdyň bilelikdäki komissiýa tarapyndan edilmeli işler diýip nygtady . Räisi şeýle hem düşündiriş berdi: Kataryň emiri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda edilip bilinjekdigini aýtdy.  "Şübhesiz, Kataryň emiriniň Eýran Yslam Respublikasyna sapary iki ýurt bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde öwrülişik nokady we elbetde bu gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň arasynda möhüm rol oýnar diýip Räisi aýtdy.

Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Tani hem metbugat ýygnagynda Eýranda bolanyna begenýändigini aýtdy: "Şu gün ikitaraplaýyn meseleler barada gürleşdik we sebitdäki dawalary çözmegiň konstruktiw gepleşikleriň ýeke-täk usulydygyna ynanýarys diýdi. Al Tani " Esasy mesele Palestina bilen baglanyşykly we Elbetde, Siriýa, Yrak we Ýemen hakda-da gürleşdik we Bu ýurtlarda bar bolan meseleleriň adalatly we hemmetaraplaýyn çözgütler arkaly çözülmelidigine ynanýarys diýdi. Kataryň emiri Tamim bin Hamad Şeýle hem, Eýran bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklar berk we goňşuçylyk duýgusyna esaslanýar "-diýdi. Kataryň emiri: Jenap Prezident Räisiniň Katara eden soňky sapary diýseň möhüm we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir diýip nygtady.

Kataryň emiriniň Eýrana eden sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky öwrülişik we bu ugurda täze bölüm açylan ýaly. Räisiň hökümeti işe başlaly bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklara täzeçe çemeleşdi we goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem bu ýurtlar bilen dartgynlygy kemeltmäge we beýleki tarapdan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ileri tutdy. 2017-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Saud Arabystanynyň koalisiýasy we onuň ýaranlary tarapyndan ykdysady, gury ýer, howa we deňiz gabawy wagtynda Eýranyň üýtgewsiz we giň kömegi sebäpli,   we söwda uçar gatnawy üçin Eýranyň giňişligini ulanmagy gabawyň ýaramaz täsirini  ep-esli azaldtdy, şeýle hem bu ýurduň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin azyk kömegi we oba hojalygy önümleri bilen üpjün etmek bilen bu mesele hemişe ýatda saklanýar we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde we kyn günlerde Eýran bilen gatnaşyklar üçin aýratyn orny eýeleýär. "Soňky ýyllarda Kataryň hökümeti Eýranyň gowy gatnaşyklary ýola goýup biljek iň ynamdar ýurtlardan biridigine düşündi. Şonuň üçin Kataryň emiriniň Tährana sapary goňşuçylyk gatnaşyklarynda täze bölümiň başlangyjy bolup biler diýip Günbatar Aziýa meseleleri boýunça uly hünärmeni Jafar Gännadbaşi aýtdy.