Päkistanda ,Eýranyň söwda sergisiniň soňlanmagy
Eýranyň söwda sergisi ýa-de şol ýarmarkasy Päkistanyň Lahor şäherinde üç günden soň işini tamamlady.
Bu ýarmarkada Eýran Yslam Respublikasyndan 16 önümçilik kompaniýasy harytlaryny dürli bölümlerde görkezdi we gowy garşylandy.
Söwda ýarmarkasyny geçirmek täjirçilik harytlaryny tanatmagyň iň möhüm we täsirli usullaryndan biridir we Eýran Yslam Respublikasy Päkistanda söwda ýarmarkasyny geçirýär.
Iki goňşy ýurt we EKO-nyň möhüm agzalary bolan Eýran we Päkistan, diňe bir ilat taýdan biri-biri üçin özüne çekiji bazar bolman, eýsem hakyky ykdysady potensialy taýdan ykdysady goşundy hökmünde birek-biregiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin köp mümkinçiliklere eýedir.
Şonuň üçin soňky ýyllarda Eýran Yslam Respublikasy söwda, ykdysady we önümçilik kuwwatyny goňşy ýurtlara, şol sanda Pakistana hödürlemek üçin köp tagalla etdi.
Ykdysady meseleler boýunça bilermen Seýid Hosseýn Hosseýni bu meselede şeýle diýýär:
Soňky ýyllarda Eýran Yslam Respublikasy önümçilik, tehniki , inžinerçilik we bilimlere esaslanýan ugurlardaky hyzmatlarda uly ösüş gazandy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde olary Päkistana geçirmäge we Päkistanyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga taýýardygyny mälim etdi .
Yslam ýurtlarynyň dürli ykdysady, söwda, maýa goýumlary we esasanam bilime esaslanýan pudaklarda hyzmatdaşlyklry her näçe köpelse, Günbatar ýurtlaryna garaşlylygy şonça-da az bolar we sebitde garaşsyz kararlar kabul edip bilerler.
Yslam ýurtlarynyň gowşak taraplarynyň biri, olaryň Günbatar bazarlaryna garaşlylygy, bu ýurtlaryň bolsa Eýran bilen Päkistanyň bir ugurda biri-biriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin köp mümkinçilikleri we mümkinçilikleri bardyr.
Päkistan meseleleri boýunça bilermen Ali Şerifipur hem bu hakda:
Eýran-Päkistanyň söwda gatnaşyklary harytlaryň bikanun getirilmeginden köp ejir çekýär we Päkistana girýän Eýran harytlarynyň köpüsi kontrabanda arkaly bolýar. Şol sebäpli Tähran bilen Yslamabadyň arasyndaky gowy gatnaşyklara garamazdan, olaryň söwdasy gaty pes derejededir diýip nygtady.