Galibaf: Amerika hiç wagt biz bilen gowy gatnaşykda bolmaz
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hiç haçan biz bilen oňuşmajakdygyny aýtmak bilen Yslam Rewolýusiýasynyň maksatlary üçin hiç haçan hiç kim bilen söwda etmeris diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, şu gün irden Tähranda geçirilen Mahdawi aktiwistleriniň üçünji halkara ýygnagynda Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf", Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň rewolýusiýanyň ikinji ädiminde, bu Ynkylapy dünýäde täze bir ýolyň başlangyjy hasaplandyr.
Galibaf şeýle-de dünýäniň ähli künjeklerinde Eýranyň Ynkylabynyň Ymam Homeýni (RA) Hezretleriniň ady bilen tanalýandygyna yşarat edip Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň Ynkylapy hut şu gün Yslamy we musulmanlaryň mertebesini janlandyrdy diýip beýan etdi.
KGalibaf şeýle-de mukaddes goranmak döwründe sionist režim biziň serhetlerimizde garşylaşmagy umyt etdi, ýöne şu gün Yslam ymmatynyň Golan belentliklerinde söweşýändigini görýäris we bu Mahdawiýätiň medeniýetidir diýdi.