Welaýati :yslam ynkylabynyň berekedinden Eýran ylmy taýdan gaty ösýän ýurtlaryň hataryna goşulandyr
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy yslam ynkylabynyň berekedinden we halkara derejesinde çykarylýan ygtybarly hasabatlar esasynda Eýran Yslam Respublikasy ylmy taýdan gaty ösýän ýurtlaryň hataryna goşulandyr diýdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýaty Tehranda yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten günleriniň ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýygnagynda beren gürrüňlerinde Fajr onlygyny gutlamak bilen bir wagtda yslam ynkylabyň netijesinde Eýranyň köp ugurlarda ösendigini nygtap geçdi.
Welaýati şeýle-de Eýranyň yslam ynkylaby günbataryň teoriýa we siwilizasiýa ideýalaryny çalyşa çekendyr we eziji düzgüni we imperiýalizmi agyr harajatlara duçar edendir diýip sözüne goşdy.
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy şeýle-de egerde mertebesi belent ýolbaşçynyň ýol görkezmegi,batyrlygy we çydamlylygy, hemde Liwan, Palestina, Siriýa we Yrak ýurtlarynda yslama ykjam ýaşlaryň we döwletleriniň gaýduwsyzlygy we çydamlylygy bolmasaýdy durmuşda Damask, Beýrut we Bagdat döwletleri Sionizme garaşly döwletlere dönerdiler diýip nygtap geçdi.