Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary: Sanksiýalar içerki mümkinçilikler bilen aýrylýar
Jun 13, 2022 08:47 Asia/Ashgabat
Eýran hökümetiniň metbugat sekretary: Eýrana garşy sanksiýalar içerki mümkinçiliklerden peýdalanyp zyýansyzlandyrylar diýdi.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran hökümetiniň metbugat sekretary "Ali Bahadori Jahromi" duşenbe güni twitde: Içerki mümkinçiliklere bil baglamak we ykdysady diplomatiýany ulanmak bilen sanksiýalar içerden ýok ediler diýdi.
Eýran hökümetiniň metbugat sekretary sözüniň dowamynda iki aýyň dowamynda ýurduň söwda balansynyň oňyn we nebit däl eksportyň importdan ýokary bolandygyny aýtdy.
Tags