Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy EýranPress habar gullugyna baryp gördi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i17344-eýranyň_atom_energiýasy_guramasynyň_başlygy_eýranpress_habar_gullugyna_baryp_gördi
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şu gün (Duşenbe) Radio we telewideniýäniň serhetaşa orunbasarlygynda huzurly bolup EýranPress habar gullugyna baryp gördi.
(last modified 2022-06-13T10:54:53+00:00 )
Jun 13, 2022 15:54 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy EýranPress habar gullugyna baryp gördi

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şu gün (Duşenbe) Radio we telewideniýäniň serhetaşa orunbasarlygynda huzurly bolup EýranPress habar gullugyna baryp gördi.

Saparyň dowamynda Muhammet Eslami we Atom Energiýasy Guramasynyň işgärleriniň wekiliýeti EýranPress habarlar gullugynyň habar otagy, efire beriş otagy, multimediýa önümçilik topary, wirtual saýtlar we torlar ýaly dürli bölümlerine baryp gördüler we ýakyndan Eýranyň ilkinji we ýeke-täk halkara wideo habarlar gullugynyň iş prosesi bilen tanyşdylar.

Duşuşygyň başynda Eslami EýranPress habarlar gullugynyň başlygy Abbas Mohammadnežad bilen söhbetdeşlik geçirdi.

EýranPress habar gullugy Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy we ýurduň ýadro programmalary bilen baglanyşykly habarlary halkara dillerinde beýan etmekde elmydama öňdebaryjy bolup gelýär.