Jun 29, 2022 15:30 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Söwda we transport, Hazaryň kenarýaka döwletleriniň gülläp ösmegine we öňe gitmegine sebäp bolýar

Eýranyň Daşary işler ministri söwdany we transporty Hazaryň kenarýaka döwletleriniň gülläp ösmeginiň we öňe gitmeginiň faktorlary hasaplady.

“Orient” web sahypasynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian Hazaryň kenar ýakasyndaky daşary işler ministrleriniň Aşgabat şäherinde geçirilen ýygnagynda kenarýaka ýurtlarynyň gelip çykyşy we territorial suwlary barada ylalaşylmagy isledi.

Amir Abdullahian, Hazar deňzinde we Kaspi konwensiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde bäş taraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ünsi çekip Hazaryň kenar ýakasyndaky döwletleriň hyzmatdaşlygyny giňeltmek, bu deňiz bilen serhetleşýän ähli ýurtlaryň bähbitlerine üns berýär diýdi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şu gün (çarşenbe) Hazaryň kenarýaka döwletleriniň altynjy sammitini kabul edýär we Eýran Yslam Respublikasy, Hazar deňziniň iň möhüm kenarýaka polýuslarynyň biri we bu deňziň kenarýaka goňşularyna erkin suwlara ýetmek üçin esasy giriş ýoly hökmünde bu sebitleýin ýygnaga iň ýokary derejede gatnaşdy.

Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky konwensiýa gol çekilenden dört ýyl geçen bolsada we öňe gitmek üçin möhüm ädimler ädilen bolsada ýöne suw meýdanlaryny, deňiz düýbüni we Kaspi deňzini bölmek ýaly meseleler çözülmän galandyr.

Hazaryň kenarýaka döwletleriniň sammiti ilkinji gezek 2002-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmurad Niýazowyň teklibi bilen Kaspi deňziniň kanuny düzgünini kesgitlemek maksady bilen Aşgabatda geçirildi we oňa Eýranyň, Russiýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri gatnaşdylar.Tähran 2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda sammitiň ikinji tapgyryny geçirdi.

Tags