Eýranyň Daşary işler ministrligi: Amerikanyň Eýrana garşy duşmançylykly çemeleşmesi dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i17622-eýranyň_daşary_işler_ministrligi_amerikanyň_eýrana_garşy_duşmançylykly_çemeleşmesi_dowam_edýär
Eýranyň Daşary işler ministrligi Amerikanyň duşmançylykly çemeleşmesi şowsuz bolan "iň ýokary basyş" syýasatynyň dowam etmegi bilen yzarlanýar diiýp yglan etdi.
(last modified 2022-07-02T04:16:57+00:00 )
Jul 02, 2022 09:16 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrligi: Amerikanyň Eýrana garşy duşmançylykly çemeleşmesi dowam edýär

Eýranyň Daşary işler ministrligi Amerikanyň duşmançylykly çemeleşmesi şowsuz bolan "iň ýokary basyş" syýasatynyň dowam etmegi bilen yzarlanýar diiýp yglan etdi.

Ertir (ýekşenbe) Amerikanyň “Wincennes”gämisiniň Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbasdan Dubaýa uçýan Eýranyň “Airbus” ýolagçy uçaryna raketa hüjüminiň ýyl dönümi.

Winsennes harby gämisi 1988-nji ýylyň 3-nji iýulynda Eýranyň ýolagçy uçaryna raketa atanda, 66 çaga we 53 aýal bilen birlikde 290 ýolagçynyň hemmesi şehit boldy.

Şunuň bilen baglylykda we Eýranyň Talyplar Habar Gullugynyň (ISNA) habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrligi Amerikanyň harby gämisiniň Eýranyň ýolagçy uçaryna Pars aýlagynyň üstünden hüjüminiň ýyl dönümi mynasybetli şeýle twit ýazdy: "Amerikan gämisiniň serkerdesine medal gowşurmak Amerikanyň Eýran halkyna garşy duşmançylykly çemeleşmesiniň ýene bir mysalydyr; Bu duşmançylykly çemeleşme, şowsuz "iň ýokary basyş" syýasatynyň dowamy bilen şu günem dowam edýär".