Amir Abdullahian: Biz haýsydyr bir delil bilen islendik harby herekete garşy
(last modified Sat, 02 Jul 2022 15:31:00 GMT )
Jul 02, 2022 20:31 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Biz haýsydyr bir delil bilen islendik harby herekete garşy

Eýranyň Daşary işler ministri Damaska ​​barandan soň “Biz goňşy döwletimiz Türkiýäniň aladalaryna düşünýäris we haýsydyr bir delil bilen harby herekete berk garşy çykýarys" diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian birnäçe gün ozal Türkiýä baryp görenden soň, şu gün (şenbe) Tährandan Damaska ​​gitdi.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Siriýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak we gürleşmek üçin Damask howa menziline geleninden soň, Siriýa baranlygyndan hoşaldygyny aýdyp Sionist režimiň häzirki hereketini we Siriýanyň territorial bitewiligini bozýandygyny berk ýazgarýarys diýmek bilen Sionistler, Siriýanyň çydamly halkyna garşy girizilen sanksiýalar bilen bir hatarda Siriýadaky halkyň meselelerini durnuksyzlaşdyrmaga we ýokarlandyrmaga çalyşýarlar diýip nygtady.

Tags