Eýran bilen Kuweýtiň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen Kuweýtiň daşary işler ministri özara gyzyklanma bildirýän meseleleri barada gürrüň etdiler.
Eýranyň tele radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Kuwaitiň daşary işler ministri Şyh Sabah Al-halid al-hamad al-sabah bilen geçiren duşuşygynda iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary we sebitleýin hemde halkara meseleleri barada pikir alyşdy.
Eýranyň daşary işler ministri Yragyň durkyny täzelemek boýunça geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak üçin şu gün Kuweýte bardy.bu halkara konferensiýasy 12-14 Fewralda Kuweýtde geçirilýär.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Kuwaita baran badyna habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde Pars aýlagy sebiti we Aziýanyň günbatary diňe bu sebitde ýerleşen ýurtlaryň arkalaşygy bilen howpsyzlyga we asudalyga ýetjekdirler diýdi.