Eýranyň we Hytaýyň prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşlileri
Eýranyň we Hytaýyň prezidentleri halkara we sebitdäki möhüm wakalary ara alyp maslahatlaşdylar we mümkin boldugyça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ünsi çekdiler.
Bir sagat dowam eden telefon söhbetdeşliginde Eýranyň we Hytaýyň prezidentleri halkara we sebitdäki möhüm wakalary ara alyp maslahatlaşdylar we mümkin boldugyça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ünsi çekdiler.
Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisi anna güni agşam Hytaýyň prezidenti Şi Jin Piň bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ,Amerikanyň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmagyny bu ýurduň birtaraplaýyn weýran ediji syýasatynyň dowamy hasaplady., Eýranyň prezidenti şeýlede häzirki wagtda ABŞ global parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýar diýdi.
Eýranyň halkara ösüşlerine garamazdan Hytaý bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek kararyna ünsi çekmek bilen,Räisi, garaşsyz we milli bähbitlerine esaslanýan garaşsyz ýurtlaryň hyzmatdaşlygy sebit we halkara derejesinde dolandyryşyň dogry nusgasy hasaplady.
Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisi ,şol bir wagtyň özünde Täze dörän halkara düzgünde adalatyň höküm sürmeginiň zerurdygyny nygtap, , Amerikanyň Sowuk Uruş modelini dünýäde gaýtalamak synanyşygyny bu ýurduň ejizliginiň we pese gaçmagynyň alamaty hasaplady. Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti hem Eýran bilen Hytaýyň halkara arenasyndaky hyzmatdaşlygyna we sebitiň we halkara arenalarynda pozisiýalaryna iki ýurduň birek-birege goldaw bermegine ýokary baha berdi. Hytaýyň prezidenti, şeýle hem Hytaý-Eýran gatnaşyklarynyň strategiki ähmiýetine, şeýle hem iki ýurduň arasynda, esasanam söwda, ykdysady, infrastruktura we energiýa pudaklarynda möhüm strategiki we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we ösdürmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi. Şi Jin Piň "Iki ýurduň arasynda 25 ýyllyk giňişleýin hyzmatdaşlyk resminamasynyň durmuşa geçirilmegi bu ugurda möhüm ädimdir we şu esasda Eýran bilen hemme taraplaýyn strategiki gatnaşyklary . ylaýtada ykdysady ugurynda ösdürmek üçin zerur buýruklary berýärin diýip nygtady.
Soňky ýyllarda Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar barha ösýär, esasanam iki ýurduň ABŞ-nyň gegemoniki syýasatlaryna garşy durmakdaky umumy pozisiýalary, şeýle hem 25 ýyllyk giňişleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň tamamlanmagy möhüm döwür hasaplanýar .
Özara gyzyklanmalara we umumylyklara, şeýle hem sebitleýin we sebitara meselelere umumy çemeleşmelere we garaýyşlara laýyklykda Eýran bilen Hytaýyň bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin köp sebäpleri bardyr. Hytaýyň prezidenti 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda (2016) Tährana eden saparyndan soň iki ýurduň arasynda gol çekilen "Eýran Yslam Respublikasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň" bilelikdäki beýany 20 madda görnüşli, hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin ýol kartasydyr.