Kanani Çafi: Waşingtondan entek jogap almadyk
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i18426-kanani_Çafi_waşingtondan_entek_jogap_almadyk
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wena gepleşikleriniň gidişi barada şeýle diýdi: Şu wagta çenli ABŞ Eýrana EUB koordinatorynyň teklipleri barada jogap bermedi.
(last modified 2022-08-22T04:23:36+00:00 )
Aug 22, 2022 09:23 Asia/Ashgabat

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wena gepleşikleriniň gidişi barada şeýle diýdi: Şu wagta çenli ABŞ Eýrana EUB koordinatorynyň teklipleri barada jogap bermedi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi", duşenbe güni žurnalistler bilen hepdelik duşuşygynda Wena gepleşikleri baradaky soraga şeýle jogap berdi: Biz gepleşikler etabynda we entek jikme-jiklikleri we indiki prosesi kabul etmeýäris; Amerikan tarapynyň jogaby alnanda gepleşikleriň netijeliligi barada gürleşip bileris diýdi.

Kanani Çafi şeýle-de Eýranyň ylalaşyk gazanmak üçin zerur çeýeligi görkezendigini, ýöne indi beýleki tarap jogap bermekden çekinýändigini aýtmak bilen Amerikan hökümeti ýadro şertnamanyň häzirki şertleri üçin jogapkärdir, Eýran Yslam Respublikasy garaşyp durmaz we gepleşik etabyny halkyň durmuşy we ýaşaýyşy bilen baglanyşdyrmaz diýdi.

Eýranyň diplomatik ulgamynyň metbugat sekretary: Eýran gyzyl çyzyklardan geçmeýär we gowy, güýçli we durnukly şertnama gözleýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de tussaglaryň alyş-çalşygy meselesi barada-da gürrüň gozgap bu mesele ynsanperwerlik meselesinde gözden geçirilýär we sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşikler bilen baglanyşykly däl; Biz tussaglarymyzyň sanksiýalary bozmak barada ýalan sebäpler bilen tussag edilendigine ynanýarys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Saud Arabystany bilen geçirilen gepleşikler barada-da şeýle diýdi: Gepleşikleriň täzeden başlamagy iki ýurduň bähbitlerini üpjün etmek üçin peýdaly bolar diýip pikir edýäris, şu wagta çenli gepleşikler prosesi oňyndy, ýöne käbir agzalalyklar hem bardy diýip sözlerine goşdy.

Kanani Çafi Siriýadaky ýagdaýlar bilen baglanyşykly başga bir soraga jogap edip, häzirki sebit we sebit däl hökümetleriň bu ýurtdaky wakalara real düşünýändigini aýtmak bilen soňky 9 ýylda Siriýada bolup geçen wakalar beýleki ýurtlaryň gatyşmagynyň netijesi boldy diýdi.

Kanani Çafi metbugat ýygnagynyň başga bir bölüminde Eýran Yslam Respublikasy Eýranly general Haj Kasem Soleýmanyň terror edilmek meselesini yzarlaýandygyny aýtmak bilen bu jenaýata baş goşanlardan we günäkärlerden ar almak meselesini ýatdan çykaryp bolmaz we çynlakaý yzarlanýar, bu meseläniň sanksiýalari ýatyrmak gepleşikleri bilen hiç hili baglanyşygy ýokdyr diýdi.