Eýran bilen Özbegistanyň arasynda howpsuzlyk memorandumyna gol çekildi
Eýranyň Içeri işler ministri, howpsuzlyk memorandumyna Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky Şanhaý şertnamasynyň agzalary bolan ýurtlaryň ministrleriniň ýygnagynyň çäginde gol çekilendigini aýtdy.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýun aýynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan tarapyndan döredilen halkara hökümetara guramadyr we 2017-nji ýylyň iýun aýynda Hindistan we Päkistan hem bu gurama goşuldylar.
Eýran Yslam Respublikasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 21-nji ýygnagynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy boldy.
Duşenbe güni IRNA bilen geçirilen söhbetdeşlikde Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi Şanhaý şertnamasyna agza ýurtlaryň ministrleriniň ýygnagyna gatnaşmak üçin Özbegistana eden sapary barada gürrüň gozgap Şanhaý, Eýranyň bu guramada synçy hökmünde gatnaşýan möhüm guramadyr we häzirki wagtda Eýranyň Şanhaý guramasyna agza bolmak prosesi geçirilip durandyr diýdi.
Wahidi şeýle hem Eýranyň wekili hökmünde Şanhaý guramasyna mümkin boldugyça kömek etmäge taýýardygymy we mümkinçiliklerimizi yglan etdim diýdi.
Eýranyň Içeri işler ministri, şeýle hem Şanhaý şertnamasyna agza ýurtlaryň ministrleriniň ýygnagynyň çäginde Eýran bilen Özbegistanyň arasynda howpsuzlyk barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekilendigini yglan etmek bilen bu memoranduma gol çekilmegi gatnaşyklarymyzy has giň we güýçli edip biler diýip sözlerine goşdy.