Raisi: Eýranyň Goranmak ministrliginiň elitalary ýolagçy uçaryny gurmagyň birje ädimine ýetendirler
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, dünýäniň harby ýolbaşçylarynyň Eýranyň goranmak pudagynyň güýçli ösüşlerini ykrar edýändigini aýtdy we Eýranyň Goranmak ministrliginiň elitalarynyň ýolagçy uçary gurmagyň birje ädimine ýetendigini habar berdi.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Seýid Ybraýym Raisi şu gün Goranmak ministriniň, ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň ýygnagynda 31-nji Mordad ýurduň goranyş senagatynyň güni we Goranmak ministrliginiň şehitleriniň hatyralaryny gadyrlap alymlaryň we elitalaryň goranyş pudagyndaky gymmatly üstünlikleri diňe bir Eýran üçin däl, eýsem Yslam dünýäsi we Eýran Yslam Rewolýusiýasyny söýýänler üçinem umytly we güýçlendirijidigini we duşmanlar dünýäsi üçin hem gynandyryjydygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Goranmak ministrliginiň höweslendiriji we döredijilik elitalaryny we alymlaryny ýurduň gymmatly baýlygy hasaplamak bilen şeýle diýdi: Goranmak pudagymyza duşmanlaryň tarapyndan abanýan howplaryna, basyşlaryna we sanksiýalaryna garamazdan, bu pudakda beýleki pudaklara garanyňda has köp ösüş gazanyldy we munuň sebäbi bolsa, öz-özüni üpjün etmek we garaşsyzlyk üçin goranyş pudagynda bar bolan gaty ýokary itergidir we bu ösüşleriň netijesinde ýurt güýçli bolandyr diýdi.
Raisi Eýranyň goranyş senagatynda öndürilen önümleriň 3 möhüm aýratynlygy hökmünde "netijelilik, ýokary takyklyk we akyllylyk" meselesine salgylanyp bu pudakdaky işgärlere ýüzlenip häzirki wagtda Yslam respublikasy öňküsinden has güýçli we duşmanlarymyz öňküsinden has ejizdirler we bizi sebitde we dünýäde täsirli güýje öwüren zat, täsirli, höweslendiriji we ynkylapçy güýçlerimiz we alymlarymyzyň goranmak üstünlikleridir.