Eýran goşunynyň 1401 bilelikdäki uçarmansyz uçarlar türgenleşigi başlanýar
Aug 23, 2022 13:07 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň utgaşdyryjysynyň orunbasary, dört goşun güýçleriniň gatnaşmagynda ertir, çarşenbe güni Eýran goşunynyň 1401-nji uçarmansyz uçarlar türgenleşiginiň geçiriljekdigini habar berdi.
Admiral Habibullah Saýari bu türgenleşigiň çarşenbe günden başlanjakdygyna yşarat edip Bu türgenleşikde Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň, Eýranyň Goranmak ministrliginiň pudaklary we ýurtdaky bilimlere esaslanýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda öndürilen täze uçarmanlar synagdan geçiriler diýip yglan etdi.
Tags