Eýranyň goňşy ýurtlar bilen köptaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i18536-eýranyň_goňşy_ýurtlar_bilen_köptaraplaýyn_we_sebitleýin_hyzmatdaşlygy
Eýran, goňşy ýurtlar bilen köptaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegine üns berýär.
(last modified 2022-08-30T00:26:35+00:00 )
Aug 30, 2022 05:26 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň goňşy ýurtlar bilen köptaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy

Eýran, goňşy ýurtlar bilen köptaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegine üns berýär.

  Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary, ​​Eýranyň goňşy syýasatynda ikinji ädim köptaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekdir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary "Ali Bageri Käni" şenbe güni agşam Tehranda,Kataryň Daşary işler ministrliginiň sebitleýin orunbasary "Muhammet bin Abdulaziz Al-Halifi" we onuň delegasiýasy bilen söhbetdeşlikde , Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň goňşy syýasata ygrarlylygynyň bir ýyllyk üstünlikli tejribesine we Tehran bilen Dohanyň arasyndaky aýratyn gatnaşyklaryň çaltlaşmagyna yşarat edip , Eýran Yslam Respublikasy goňşyçylyk syýasatynyň ikinji ädimini öňe sürmekde we köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, Kataryň täsirli roluny garşylaýar diýip aýtdy.

Geçen bir ýylda Eýranyň hökümetiniň roly sebitde syýasy we ykdysady nukdaýnazardan aýratyn ähmiýete eýe bolup, şol bir wagtyň özünde köp kynçylyklara şol sanda sanksiýalara hem duçardy. Eýran Yslam Respublikasy hemişe esasy strategiýa hökmünde köpçülikleýin we hyzmatdaşlygy üpjün etmek syýasatyna üns berdi we milli bähbitlerinye we sebitiň howpsuzlygyn we durnuklylygyny isledi we daşary ýurt güýçleriniň dahylçylygyna garşydyr.

Geçen ýylyň dowamynda Eýranyň 13-nji hökümetiniň syýasaty sebit we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga gönükdirildi, bu hakda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň liderleriniň we Yragyň premýer-ministriniň şeýlede Kataryň emiriniň Tehrana saparlary mysal bolup biler. şeýle hem Eýranyň hökümeti sebitleýin integrasiýa we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy maksat edinýär.

Syýasy meseleler boýunça bilermen Hasan Hanizadeh bu meselede şeýle diýýär: sebitiň dürli ýurtlarynyň işgärleriniň Eýrana eden saparlary 13-nji hökümetiň sebitiň ýurtlary bilen gepleşikler we özara gatnaşyklar we hyzmatdaşlygy ýurduň daşary ýurtlularynyň esasyny düzýändigini görkezýär syýasatydyr.

Ykdysady ugurda, Eýran hökümetiniň daşary syýasaty, Gündogar we Günbatar güýçleri bilen gatnaşyklara üns bermek, ýöne daşary gatnaşyklarda diňe günbatarçyl bolmagy ýatyrmaga synanyşýar. Eýranyň deňagramly daşary syýasatynyň aýratynlyklaryndan biri, ileri tutulýan ugurlara üns bermek bilen, beýleki ugurlardaky mümkinçiliklere dünýäniň iň ýokary milli bähbitlerini üpjün etmek üçin ulanylýar.

Gündogara seredip, Şanhaý şertnamasy, BRICS we EKO Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly sebitleýin we sebitara guramalara  gatnaşmak, Eýranyň hökümeti alyp barýan daşary syýasatynyň deňagramlylygynyň mysallaryndan biridir.