Burrelliň ýadro gepleşik etabyndan nägileligi
(last modified Wed, 07 Sep 2022 05:12:40 GMT )
Sep 07, 2022 10:12 Asia/Ashgabat
  • Burrelliň ýadro gepleşik etabyndan nägileligi

Marandi,Eýran Yslam Respublikasy mümkin bolan şertnamada boşluklary we düşnüksizlikleri kabul etmez diýdi.

Sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly Eýranyň gepleşik toparynyň geňeşçisi Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäriniň soňky arzasy barada ,Eýran Yslam Respublikasy mümkin bolan şertnamada boşluklary we düşnüksizlikleri kabul etmez diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň başlygy "Jozef Burrell" geçen duşenbe güni ABŞ-ny ýadro şertnamasyny bozan tarap diýip atlandyrmazdan, Wenada ýadro şertnamany dikeltmek barada ylalaşyga gelmek umydynyň azdygyny aýtdy. Ol Eýranyň ýadro şertnamasy baradaky gepleşiklerde pikirleriň birleşmegiň ýerine, bu pikirler has uzaklaşýar diýip aýtdy.

Eýranyň bu gepleşiklerdäki geňeşçisi,"Muhammet Marandi" bu sözler barada twit ýazyp,Burrell Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýarany we bu gepleşikleriň sebäbiniň Günbatar tarapyndan ýlalaşygynyň bozulmagy we Eýran raýatlaryna gönükdirilen iň ýokary sanksiýa bolandygyny ýatdan çykarýar diýdi.

31-nji awgustda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň başlygy "ýakyn günlerde" ylalaşyga gelmäge umyt bildiripdi.

Aslynda, Burrelliň bu aýdanlaryny ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň geçen hepde eden beýanatlaryna laýyk görmek bolýar, Eýranyň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek baradaky teklibine beren jogabyny "konstruktiw däl" diýip häsiýetlendirýär. Ak tamyň metbugat sekretary anna güni Eýranyň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan teklip edilen tekste beren jogabyna şeýle jogap berdi: Eýran, howpsuzlyk borçnamalarynda ýadro şertnamanyň gaýtadan dikeldilmegini şertlendirmeli däldir diýdi.

Gepleşikleriň utgaşdyryjysy hökmünde Ýewropa Bileleşigi 8-nji awgustda bu gepleşikleriň esasy taraplaryna şertnamanyň "soňky teksti"diýip hödürledi.Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň başlygy "Jozef Burrell" ,bu tekst tassyklanan halatynda şertnamanyň gaýtadan dikeldilmegine ýol açar diýipdi. Donald Trumpyň administrasiýasy 2018-nji ýylda Amerikany birtaraplaýyn tertipde ýadro şertnamadan çykaryp , Eýrana garşy iň ýokary sanksiýalary girizdirdi; Bu sanksiýalar ABŞ-nyň häzirki prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynda dowam etdirildi.