Raisi: Durnukly kepillik islegi Eýranyň hukugydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýran üçin Wena şertnamasy kepillikler bilen bilelikde bolmalydyr diýdi.
Wenada 2022-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagy baradaky gepleşikleriň täze tapgyrynda Ýewropa Bileleşiginiň koordinatory Enrike Mora tarapyndan birnäçe teklip ara atyldy.
15-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasy, ýadro ylalaşygyň doly durmuşa geçirilmegine täzeden başlamagyň ýoly düşündirilen Ýewropa tarapyndan teklip edilen tekst barada ýazmaça jogap bermek bilen Amerikanyň jogaby real we akla laýyk bolsa, ylalaşyk bolar diýip yglan etdi.
24-nji awgustda ABŞ hem öz pikirini Ýewropa Bileleşigine hödürledi.
Şunuň bilen baglylykda we EýranPressiň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, Al Jazeera Iňlis teleýaýlymyna beren interwýusynda islendik şertnamanyň kepillik bilen bilelikde bolmalydygyny aýtmak bilen Amerikalylar şertnamadan ýüz öwürdiler we Ýewropa ýurtlary öz borçlaryny ýerine ýetirmediler diýdi.
Raisi sözüniň dowamynda sanksiýalaryň ýatyrylmagy pademanlyk meseleleriniň çözülmegi bilen bilelikde bolmalydyr diýdi.
Raisi: Günbatar tarapyndan yglan edilen kepillikler Yslam respublikasy üçin ynam ederli bolmalydyr. Eýran Yslam Respublikasy, şertnamasyny ýerine ýetiren ýurt ýa-da ýurtlar bilen tarap däldir eýsem, şertnamany bozan Amerikalylar bilen tarapdyr we özleri hem şertnamany bozandyklaryny boýun alýarlar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de haçan-da özleri şertnamany bozandyklaryny boýun alýan mahallary, Elbetde, olar bilen şertnamany nädip üpjün edip bilmek üçin ynam ederli kepillikler bermelidirler diýdi.