ATR uçarynyň läşi tapyldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1893-atr_uçarynyň_läşi_tapyldy
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň metbugat wekili Asman howa ýollar şereketiniň ATR gysymly uçarynyň läşi tapyldy diýip habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 20, 2018 16:30 Asia/Ashgabat
  • ATR uçarynyň läşi tapyldy

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň metbugat wekili Asman howa ýollar şereketiniň ATR gysymly uçarynyň läşi tapyldy diýip habar berdi.

Eýranyň tele radip habarlar gullugynyň beren habaryna görä serdar sertip Ramazan Şarif Sepah Pasdaranyň  dikuçarlary şu gün DEna dagynyň beýikliklerinde ýolagçy gatnatýan ATR uçarynyň läşini tapandyrlar diýip yglan etdi.

geçen ýekşenbe güni Tehrandan Ýasij şäherine tarap ugran ATR uçary Samirom şäheriniň Denakuh sebitinde ýere gaçy we onuň içindäki  66 adamyň hemmesi aradan çykdy.

Eýran goşunyň metbugat wekili emir sertip Şahin Tagihani hem Eýran goşunynyň gury ýer güýjiniň we mededýetiriji güýçleriniň DEnakuh sebitine ugrandyrlar diýip yglan etdi.

Eýranyň gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň mededýetiriji guramasynyň başlygy Morteza Salimi Denakuh sebitinde ýere gaçan uçaryň içindäki adamlaryň jesetleriniň takmynan ýarysynyň tapylanlygyny yglan etdi.