Bageri Keni: Dünýäniň hic bir ýerinde eýranlylaryň hukuklarynyň bozulmagyna ýol bermeris
Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Wengriýada ýaşaýan eýranlylaryň ýygnagynda beren gürrüňlerinde dünýäniň islendik ýerinde eýranlylaryň hukuklarynyň bozulmagyna ýol bermeris we ähli mümkinçiliklerimizi olaryň hukuklaryny ýerine ýetirmek üçin ulanarys diýdi.
Fars habar gullugynyň çarşenbe güni beren habaryna görä, Ýewropa sapary we bu saparyň ilkinji nokady bolan Budapeşte giden Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary "Ali Bageri Keni" Wengriýada ýaşaýan eýranlylaryň bir topary bilen duşuşdy.
Bageri, bu duşuşykda daşary ýurtlardaky eýranlylaryň yslam eýran medeniýetini we siwilizasiýasyny ornaşdyrmakdaky ornuna we pozisiýasyna yşarat etmek bilen Daşary syýasat desganyň maksatlarynyň we jogapkärçiliginiň biri, eýranlylaryň hukuklaryny goldamak we watan bilen üznüksiz we durnukly aragatnaşygy gurmak üçin ýeginlikleri döretmekdir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary, eýranlylaryň daşary ýurtdaky hüşgärligini Yslam Eýranyň erbet niýetli duşmanlarynyň arzuwlarynyň netijesizliginde esasy faktor hasaplamak bilen Eýran döwleti dünýäniň islendik ýerinde eýranlylaryň hukuklarynyň bozulmagyna ýol bermez we ähli mümkinçiliklerini hukuklaryny ýerine ýetirmek üçin ulanar we hukuklaryny goramak üçin ähli hukuk we syýasy gurallary ulanar diýip sözlerine goşdy.