ýörite hassalar; Günbataryň Eýrana garşy sanksiýalarynyň pidalary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19056-ýörite_hassalar_günbataryň_eýrana_garşy_sanksiýalarynyň_pidalary
Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat sekretary Günbataryň näsaglary öldürmek bilen eýranlylardan ar alýandygyny aýtdy.
(last modified 2022-10-10T01:55:41+00:00 )
Oct 10, 2022 06:55 Asia/Ashgabat
  • ýörite hassalar; Günbataryň Eýrana garşy sanksiýalarynyň pidalary

Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat sekretary Günbataryň näsaglary öldürmek bilen eýranlylardan ar alýandygyny aýtdy.

  Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat sekretary "Ali Bahadori Jahromi" Günbataryň näsaglary öldürmek bilen eýranlylardan ar alýandygyny aýtdy.

Eýran hökümetiniň metbugat sekretary "Ali Bahadori Jahromi" twitterde öz hasabynda şeýle ýazdy: 2017-nji ýylda 70 adam, 2018-nji ýylda 90, 2019-njy ýylda 140 we geçen ýyl (1400) 180 talassemiýa hassasy sanksiýalar sebäpli öldi. Bu statistika, kebelek keseliň hassalaryny we ýörite dermanlara mätäçleriň hemmesini goşmalydyr.

Eýran hökümetiniň metbugat sekretarynyň bu sözleri, Günbataryň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Eýranyň saglygy goraýyş pudagy we näsaglar babatynda bikanun we birtaraplaýyn sanksiýalarynyň göni täsirini ýene bir gezek görkezýär. Günbatarlylar dermanlar we lukmançylygyň hiç haçan sanksiýalaryň sanawynda ýokdugyny öňe sürýärler, ýöne iş ýüzünde banklara goýlan embargo we pul çalşmakda ýüze çykan kynçylyklar sebäpli ýörite we bejerip bolmaýan kesellerden ejir çekýänlere derman almak mümkinçiligi kynlaşdy we käbir ýagdaýlarda mümkin däldir. Bu sanksiýalaryň netijesi, Eýranda talassemiýa, rak we kebelek keseliň hassalary bilen birlikde on müňlerçe hassanyň janyna howp salýar.

Aslynda, Amerikanyň lukmançylyk enjamlaryna hiç hili embargo ýokdugyny öňe sürmegine garamazdan, köp banklar, edaralar we kompaniýalar jeza mümkinçiliginden gorkup Eýran bilen söwda etmekde gaty seresap bolýarlar; Mysal üçin, Şwesiýanyň "Molnlycke" kompaniýasy ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli Eýranda EB ýa-da şol kebelek keseliň hassalaryna lukmançylyk bandajlaryny ibermekden ýüz öwürdi. Şol bir wagtyň özünde, Eýranda 1200 EB hassasy bu lukmançylyk bintlerine gyssagly mätäçdir.

Sanksiýalaryň täsiri diňe bir kebelek hassalary bilen çäklenmän, talassemiýadan ejir çekýänler we ýörite keselleri bolan beýleki adamlar hem bu sanksiýalaryň netijesinde janyna howp abanýarlar. Eýranyň Talassemiýa birleşiginiň dolandyryjy müdiri we direktorlar geňeşiniň agzasy Ýunes Arab, talassemiýa näsaglary üçin derman üpjünçiliginiň ýagdaýyna ünsi çekip, gözlegleriň talassemiýa näsaglarynyň arasynda, 10-35% daşary ýurtleriň dermanlaryna mätäçdirler we Eýrana garşy görülýän rehimsiz sanksiýalar ,talassemiýa näsaglary üçin köp kynçylyklary döretdi,hatda olaryň pida bolmaklaryna sebäp bolandyr.