Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary giňelýär
Eýran-Türkmenistan Bilelikdäki palatasynyň başlygynyň oruntutary gol çekilen hyzmatdaşlyk şertnamalary bilen Eýran-Türkmenistanyň söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň ýüzi ösüşe tarapdyr diýdi.
Eýran-Türkmenistan Bilelikdäki palatasynyň başlygynyň oruntutary Rahman Garabaş penşenbe güni IRNA bilen söhbetdeşlikde Şu ýylyň iýun aýynda (1401) Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda özara ylalaşyklary Eýranyň 13-nji hökümetiniň bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gören çäreleriniň biridir diýdi.
Garabaş sözüniň dowamynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gol çekilen ylalaşyklar durmuşa geçirilmegi bilen geljekde Golestan bilen Balkan welaýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde iki tarapyň mümkinçiliklerini güýçlendirer diýip beýan etdi.
Eýran-Türkmenistan Bilelikdäki palatasynyň başlygynyň oruntutary Rahman Garabaş Türkmenistanyň üsti bilen telekeçiler we ýük awtoulag sürüjileri üçin wiza berilmegini aňsatlaşdyrylmagynyň ýokary ähmiýete eýedigini aýdyp "Ineçburun serhedi Golestana welaýatynyň Merkezi Aziýaga girelgesidir we geljekde harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin Türkmenistana transport şertleri aňsatlaşdyrylmalydyr dýip nygtady.
Garabaş, Türkmenistan bilen Golestanyň arasynda ýolagçy gämisini ýola goýmak we Gürgen bilen Aşgabadyň arasynda Türkmenistana uçuş döretmek teklibine salgylanyp Etnik umumylyklaryň bolmagy, Türkmenistan bilen umumy suw araçägi we Gürgen halkara howa menziliniň Golestan welaýatynyň Türkmenistan ýurdy bilen dürli ugurlarda has köp gatnaşyklary ösdürmegiň esasy mümkinçiliklerindendir diýdi.
Golestan Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy palatasynyň hasabatyna görä, soňky dört ýylda Golestan telekeçileri tarapyndan Türkmenistana iň köp haryt eksporty 86 million 786 müň dollar boldy.