Amir Abdollahian: Eýran diplomatiýa arkaly Ukrainadaky söweşi togtatmaga synanyşýar
(last modified Thu, 20 Oct 2022 16:39:47 GMT )
Oct 20, 2022 21:39 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Eýran diplomatiýa arkaly Ukrainadaky söweşi togtatmaga synanyşýar

Eýranyň daşary işler ministri Russiýa pilotsyz uçar iberilmegini ret edip, Eýran Yslam Respublikasy Ukrainadaky konfliktleri diplomatiýa arkaly duruzmaga synanyşýar diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat boýunça ýokary wekili Jozef Borrell penşenbe güni geçirilen telefon söhbetdeşliginde Ukraina krizisi bilen baglanyşykly soňky wakalar we sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikler barada pikir alyşdy.

Amir Abdullahian, Ukrainadaky söweşde Eýran uçarmansyz uçarlaryny ulanmak baradaky talaplar barada "Russiýa bilen goranyş hyzmatdaşlygymyz bar, emma Ukrainadaky söweş baradaky syýasatymyz gapma-garşy taraplara ýarag ibermezlik, bu ýurduň territorial bitewiligine hormat goýmak, urşy bes etmek we adamlaryň awaralygyny soňlatmakdyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri: "Biz urşa garşy we Russiýanyň Ukraina garşy söweşde ulanmagy üçin uçarmansyz uçarlaryň Eýran tarapyndan iberilmegini düýbünden ret edýäris diýip yglan etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri Eýranyň Ukrainadaky söweşde ulanyljak ýarag we uçarmansyz uçar ibermezligi meselesindäki pozisiýasyny möhüm we minnetdarlyga mynasyp hasaplady.