Eýranyň mejlis wekili: Biz serhet üýtgeşmelerini kabul etmeýäris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19180-eýranyň_mejlis_wekili_biz_serhet_üýtgeşmelerini_kabul_etmeýäris
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy ýurduň demirgazyk serhedindäki wakalar biziň üçin möhümdir diýmek bilen zerur bolan ýerlerde ýurduň hukuklaryny we howpsuzlygyny goramak üçin harby türgenleşikleri geçirýäris diýdi.
(last modified 2022-10-21T05:02:25+00:00 )
Oct 21, 2022 10:02 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň mejlis wekili: Biz serhet üýtgeşmelerini kabul etmeýäris

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy ýurduň demirgazyk serhedindäki wakalar biziň üçin möhümdir diýmek bilen zerur bolan ýerlerde ýurduň hukuklaryny we howpsuzlygyny goramak üçin harby türgenleşikleri geçirýäris diýdi.

"Hasan Hemati" IRNA bilen geçirilen söhbetdeşlikde Gündogar Azarbaýjan we Ardabil welaýatlarynyň demirgazygyndaky Arasyň umumy meýdanynda geçirilen Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň gury ýer güýçleriniň ygtyýarlyklarynyň uly türgenleşigi baradaky çykyşynda bu türgenleşik, Eýranyň kuwwatyny we abraýyny görkezmek maksady bilen geçirildi we sargydy goňşy ýurtlar üçin parahatçylyk we dostluk we duşmanlar üçin abanýan howplara aýgytly jogap bermekdir diýdi.

 Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy şeýle-de her bir ýurduň harby güýçlerini şol ýurduň milli howpsuzlygyny we territorial bitewiligini goraýjy hasaplady.

Takab halkynyň wekili we Günbatar Azarbaýjan welaýatynyň Wekiller Assambleýasynyň agzasy, Eýranyň sebit ýurtlaryndaky serhet üýtgeşmelerini kabul etmeýändigini aýdyp, şeýle diýdi: Hiç bir halkara hukugy sebit ýurtlarynda serhet üýtgemelerini kabul etmeýär; Her bir ýurduň mertebesi we pozisiýasy bar we sebitdäki ähli ýurtlaryň territorial bitewiligi saklanmalydyr diýip ynanýarys.