Eýranyň Daşary işler ministrligi: Eýranyň raýatlary Ukraina gitmekden saklansynlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19182-eýranyň_daşary_işler_ministrligi_eýranyň_raýatlary_ukraina_gitmekden_saklansynlar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk bölümi, Eýran raýatlaryna harby konfliktleriň möwjemeginden we Ukrainadaky howpsuzlygyň ýokarlanmagyndan soň Ukraina gitmekden saklanmagy maslahat berdi.
(last modified 2022-10-21T05:13:52+00:00 )
Oct 21, 2022 10:13 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrligi: Eýranyň raýatlary Ukraina gitmekden saklansynlar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk bölümi, Eýran raýatlaryna harby konfliktleriň möwjemeginden we Ukrainadaky howpsuzlygyň ýokarlanmagyndan soň Ukraina gitmekden saklanmagy maslahat berdi.

Russiýanyň prezidenti "Wladimir Putin", 2022-nji ýylyň 24-nji fewraly, NATO-nyň bu ýurduň howpsuzlyk aladalaryna üns bermezliginden soň şeýle hem, Ukrainanyň gündogar sebitleriniň kömek soramagyndan soň bu ýurda hüjüm etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Baş konsullygy anna güni yglan etmegine görä harby çaknyşyklaryň möwjemegi we Ukrainadaky howpyň ýokarlanmagy sebäpli, ähli eýran raýatlaryna bu ýurda gitmekden saklanmagy maslahat berilýär diýdi.

Bu bildirişde şeýle-de Ukrainada ýaşaýan ähli eýran raýatlaryna janyny we howpsuzlygyny goramak üçin bu ýurtdan çykmagy maslahat berilýär.