Raisi: Soňky dildüwşükde duşmanyň hasaplamasy nädogry boldy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran halkynyň düşünjesi bilen soňky dildüwşükde duşmanyň hasaplamasy nädogry boldy diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi anna güni Günorta Horasan welaýatynda (Gündogar Eýran) Nahbandan halkynyň dürli gatlaklary bilen duşuşanda, Yslam Eýranyň halkynyň duşmanlaryň meýilnamalaryny puja çykarandygyny aýtmak bilen dildüwşüklere we pitnelere garamazdan duşmanyň bu ýurda çozup bilmezliginiň sebäbi dürli syýasy we jemgyýetçilik ugurlarynda adamlaryň huzurly bolmagydyr diýdi.
Raisi günbatar metbugatynyň resmi statistikasyna görä her ýyl ýüzlerçe aýalyň Amerikan polisiýasy tarapyndan öldürilýändigini aýtmak bilen Amerika we onuň ýaranlary Palestina we Ýemeniň bigünä halkynyň hukuklarynyň bozulmagynyň aýdyň mysaly bolan adam hukuklaryny goldap bilmeýärler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de DAEŞ terror toparynyň günbatarlylar tarapyndan döredilendigini aýtmak bilen Yslam Eýranyň halky tarapyndan "ölüm bolsun Amerika" diýmegiň sebäbi terrorçylykly jenaýatlar we bigünä adamlary öldürmek, şol sanda Şirazda (Eýranyň günortasy) Şahçeragyň terror jenaýatydyr diýip beýan etdi.
Raisi, Eýran Yslam Respublikasynyň öňegidişliginiň durmajakdygyna salgylanyp şäherler we ýurt Eýran Yslam Respublikasynyň erkekleri we aýallary tarapyndan guruldy we mundan beýläk gurulmagyny dowam etdirer, biz daşary ýurtlaryň kömekine garaşmaýars ýa-da umydymyz ýok diýdi.