Waşingtonda Eýrana garşy konferensiýada Amerikan syýasatçylarynyň bolmagy
Eýranda käbir bidüzgünçilikleriň ýüze çykmagy bilen ABŞ Günbatar blogunyň lideri hökmünde bu bidüzgünçilikleri goldady we gozgalaňçylar bilen Evranyň garşylaşmagyny ýazgarmak bilen, Eýranyň dürli ýolbaşçylaryna we edaralaryna garşy birnäçe sanksiýa girizdi.
Eýranda käbir bidüzgünçilikleriň ýüze çykmagy bilen ABŞ Günbatar blogunyň lideri hökmünde bu bidüzgünçilikleri goldady we gozgalaňçylar bilen Evranyň garşylaşmagyny ýazgarmak bilen, Eýranyň dürli ýolbaşçylaryna we edaralaryna garşy birnäçe sanksiýa girizdi.
Waşington eýran halkyny goldaýandygyny öňe sürse-de, soňky onýyllykda Eýrana bolan çemeleşmesine we ýerine ýetirişine göz aýlamak bilen Amerikanyň ,Eýran halkyna bolan çuňňur duşmançylygyny we duşmançylygyny doly görüp bolýar. Eýran 40 ýyldan gowrak wagt bäri ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalaryndadyr. ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trumpyň prezidentlik döwründe Eýrana garşy sanksiýalaryň girizilmegi, we ABŞ-ynyň ýadro şertnamasyndan çekilmegi bilen , iň ýokary basyş kampaniýasyny başlap Eýranyň halkyna zyýanly täsirleri goýdy .Baýden hökümeti hem Eýran halkyna henizem şol bir çemeleşmäni alyp barýar.
Emma Indi bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýrana garşy tebigatynyň ýene bir perdesini görkezdi. Meşhur amerikan syýasatçylary Waşingtonda geçirilen Eýranda tutuş ýurt boýunça gozgalaň diýlip atlandyrylýan konferensiýa gatnaşdy. Eýran-Amerikan jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnalan bu ýygnagyň esasy sözleýji hökmünde Maryam Rajawi gatnaşdy. Bu ýygnaga,ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Maýk Pompeo, ABŞ-nyň öňki söwda sekretary Gary Lokk we Ak tamyň öňki jemgyýetçilik gatnaşyklary müdiri Linda Çawez we başga-da birnäçe adam çykyş etdi.
Bu konferensiýada ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýran Yslam Respublikasyna garşy Amerikan resmileri tarapyndan hemişe gaýtalanýan aýyplamalar bilen çykyş edip, ABŞ-nyň Eýran hökümeti bilen gepleşiklerinde ýa-da hyzmatdaşlygynda peýdasynyň ýokdugyny aýtdy.
Pompeonyň ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump bilen birlikde Soleýmaniniň we onuň ýoldaşlarynyň janyna kast edilmegi ýaly uly jenaýatlary bardyr. Şol bir wagtyň özünde, bu konferensiýada Mynapyklar toparynyň lideri, spiker Maryam Rajawiň bolmagy Waşingtonyň bu topar bilen doly birleşendigini görkezýär.