Dec 26, 2022 21:04 Asia/Ashgabat
  • Hezreti Fatima Zahranyň (saw) wepat bolmagynyň ýyl dönümine gynanç

Ertir, 2022-nji ýylyň 27-nji dekabry, sişenbe, 1444-nji ýylyň Jumadi al-Sani aýynyň üçünji güni, Hezreti Muhammet (saw) söýgüli gyzy we Hezreti Ali bin Abi Talibiň (a.s.) aýaly Hezreti Fatima Zahranyň (saw) wepat bolmagynyň ýyl dönümidir.

Yslam Eýranyň musulman halky her ýyl päkligiň we bigünäligiň nusgasy bolan Hezreti Fatima Zahranyň wepat bolmagynyň agşamynda metjitlere, hosseýniýelere we dini ýerlere baryp, ýas çärelerini geçirýärler.

Hezreti Fatima Zahra (saw) Jumadi al-Saniň 20-nji güni Mekgede Pygamberligiň bäşinji ýylynda dünýä indi.

Ol Hezreti çagalygyndan başlap, kakasy Hezreti Pygamberiň (saw) ýolbaşçylygynda Pygamberimiziň (saw) ylahy taglymatlary bilen tanşypdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň radio we telewideniýesi, Hezreti Fatima Zahranyň wepat bolmagynyň ýyl dönüminde dünýäniň ähli musulmanlaryna we azatlygy söýýänlere gynanç bildirýär.

Tags