Jan 03, 2023 15:04 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Serdar Soleýmaniniň mekdebine eýermek dolandyryş logikasyna eýermekdir

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Şehit general Gasym Soleýmanyň mekdebine eýermek, dolandyryş logikasyna we şahsy we jemgyýetçilik durmuşynyň ýörelgelerine eýermegi aňladýar diýdi.

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy "Muhammet Bagyr Galibaf" Serdar Soleýmanyň şehit bolmagynyň ýyl dönümini gadyrlamak bilen Haj Gasymyň ýerde galan meseleleri çözmek başlangyjy, halkyň meselelerini çözmek üçin ikirjiňlenmän hereket etmek we duşmanyň dildüwşükleriniň öňüni almak onuň iň görnükli aýratynlyklaryndan biridir diýdi.

Eýranyň kanun çykaryjy başlygy sözüniň dowamynda Serdar Soleýmanyň meýdan bilimleri bilen birlikde jogapkärçiligi we edermenligi oňa problemalary çözmäge mümkinçilik berendir diýmek bilen ol Yslam rewolýusiýasynyň maksatlaryna ýetmek üçin ähli intellektual, meýdan, harby we diplomatik mümkinçiliklerinden peýdalanandyr we halkyň howpsuzlygy we rahatlygy ugrundaky göreşiň ejrini janyny bilen kabul edendir diýdi.

Galibaf: Garşylyk akymy şol ýokary derejeli şehitiň we adamlaryň jan aýamazlygy bilen täzeden janlandy we häzirki wagtda bu Amerikanyň erbetligine we sionist režimiň jenaýatlaryna garşy güýçli päsgelçilik döredendir diýdi.

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy sözüniň ahyrynda Serdar Soleýmany Eýran halky we Yslam ymmaty baradaky borjuny ýerine ýetirdi we Hudaý onuň adyny, ýadyny we hereketini ýalkasyn diýdi.

Tags