Sardar Soleýmanyň terror edilmegi we Eýranyň berk ar almagy
, 2020-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda ABŞ-nyň şol zamandaky prezidenti Donald Trumpyň buýrugy we Goranmak ministrliginiň pilotsyz uçarlary bilen Sepah-pasdaranyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Kasem Soleýmany we Yrak Haştolşäbi adly Halk Güýçleri Guramasynyň orunbasary Abu Mehdi Al-Muhandis terror edildi .
Ýslam Ynkylabynyň Sepah-pasdaranyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general-leýtenant Kasem Soleýmany we Yrak Haştolşäbi adly Halk Güýçleri Guramasynyň orunbasary Abu Mehdi Al-Muhandis şeýle-de bu iki serkerdäniň 8 ýoldaşy bilelikde Bagdadyň howa menziline barýan ýolda, 2020-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda ABŞ-nyň şol zamandaky prezidenti Donald Trumpyň buýrugy we Goranmak ministrliginiň pilotsyz uçarlary bilen terror edildi .
Bu terrorçylykly hüjümden bäş gün soň, Ýslam Ynkylabynyň Sepah-pasdaranyň güýçleri Yrakyň al-Assadaky ABŞ-nyň iň uly harby bazasyna ballistik raketalar bilen hüjüm etdi. Bu hüjüm Haj Kasemyň jesedi jaýlanandan soň sagat 1: 20-de boldy.
Bu raketa hüjümi bir ýagdaýda bolandyr welin, soňky sekiz onýyllygyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hiç bir ýurt hüjüm edendäldir. Amerikanyň harby bazalaryna soňky hüjüm Ýaponiýa tarapyndan takmynan 80 ýyl öň edilipdi.
Eýran, Yrakdaky 1980-nji ýyllarda Saddam Huseýn döwründe gurlan 14 bazanyň arasynda iň uly we enjamlaşdyrylan Amerikan harby bazasyny nyşana aldy . bu bazada pilotsyz uçarlar we ösen söweşijiler ýaly Amerikanyň logistika we harby enjamlary hem ýerleşdirilipdi.
2014-nji ýylyň ahyrynda, "Daeşe garşy göreş" bahanasy bilen bu baza ýene-de Amerikan goşunyna Daeşe garşy halkara koalisiýasynda berildi.
Amerikanyň habarlar tele ýaýlymy CNN raketalaryň ýapyk çarçuwalarda ýagmagyndan üç gün soň Aýn al-Assad bazasyna edilen hüjümiň netijeleriniň ilkinji wideo şekillerini çap etdi. Bu tele ýaýlymyň habarçysy Arwa Damon Eýranyň raketalary zerarly bu baza ýetişen zererler hakda dokumental filmi surata aldy. Ol öz hasabatynda bazada hiç zat galmandygyny we beýle harabalykda hiç kimiň ýaralanmandygy gaty geň zat diýipdi.
General Soleýmanyň terror edilmegine gönüden-göni buýruk beren ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump bu raketa hüjüminde hiç bir ABŞ güýçiniň ýaralanmandygyny habar beripdi; Şeýle-de bolsa, “Roýter” habar gullugynyň habaryna görä, ilkibaşda Amerikan güýçleriniň ýitgilerini inkär eden Pentagon işgärleri ölenleriň sanyny ýene bir gezek üýtgetdi we ahyrsoňy bu raketa hüjümleri wagtynda 110 amerikan esgeriniň beýnisine zeper ýetendigini habar berdi.