Iňlis içalysy "Alireza Akbari" Eýranda ölüm jezasyna höküm edildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20136-iňlis_içalysy_alireza_akbari_eýranda_ölüm_jezasyna_höküm_edildi
"Alireza Akbari" global korrupsiýa jenaýaty we maglumat ýaýratmak arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň içerki we daşarky howpsuzlygyna garşy giňişleýin çäre görmek üçin ölüm jezasyna höküm edildi.
(last modified 2023-01-12T10:18:32+00:00 )
Jan 12, 2023 15:18 Asia/Ashgabat

"Alireza Akbari" global korrupsiýa jenaýaty we maglumat ýaýratmak arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň içerki we daşarky howpsuzlygyna garşy giňişleýin çäre görmek üçin ölüm jezasyna höküm edildi.

Birnäçe wagt ozal Eýranyň milli howpsuzlygyna garşy içalyçylyk edenligi üçin tussag edilen "Alireza Akbari", kazyýet işini açandan we günäkärleme çykaransoň we işdäki resminamalara esaslanyp, Iňlis hökümetine içalyçylyk edenligi üçin oňa ölüm jezasy berildi.

Günäkärlenýäniň nägileligi we şikaýatyndan soň kazyýet işi Eýranyň ýokary kazyýetinde gaýtadan gözden geçirildi we şikaýaty ret etmek bilen Akbariniň ölüm jezasynyň asyl resminamasy tassyklandy.