Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň Pars aýlagynyň adynyň ýoýulmagyna bolan reaksiýasy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Pars aýlagynyň bu suw sebiti üçin ady taryhy, hemişelik, resminamalaşdyrylan we inkär edip bolmajak hakykatdyr diýdi.
IRNA-nyň sişenbe güni beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" şu gün käbir Yrak edaralary we işgärleri tarapyndan şol sanda bu ýurduň premýer-ministri tarapyndan Pars aýlagy üçin galp adyň ulanylmagy barada gürrüň gozgap, bu gök sebit üçin Pars aýlagynyň ady taryhy, hemişelik, resminamalaşdyrylan we inkär edip bolmajak hakykat, toslama adyň gaýtalanmagy hakykaty üýtgetmeýär we munuň üçin kanunylyk döretmeýär diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Pars aýlagy müňlerçe ýyl bäri gadymy resminamalarda, kartalarda, syýahat kitaplarynda we tekstlerde şol bir at bilen atlandyrylýar we şol bir at bilen hemişelik galar diýdi.
Kanani Çafi, başgalaryň dostlugyny gazanmak üçin sebit ýurtlarynyň taryhy raýdaşlygynyň baýlyklaryndandan harçlamagyň mümkin däldigini nygtamak bilen Eýran-Yrak gatnaşyklary şahsyýetleriň we guramalaryň çäginden çykýar we iki ýurduň we halkyň taryhynyň we siwilizasiýasynyň çuňlugyndan gözbaş alýar diýip sözlerine goşdy.