Eýran bilen Russiýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Eýran bilen Russiýanyň ykdysady hyzmatdaşlygy strategiki şertnamalaryň ýolundadyr diýdi.
Eýran bilen Russiýa ikitaraplaýyn ugurlarda, esasanam ykdysady, harby we howpsuzlyk gatnaşyklarynda, şeýle hem Amerikanyň birtaraplaýynlygyna garşy durmak ýaly sebitleýin we halkara meselelerde strategiki bähbitleri paýlaşýarlar we bu soňky ýyllarda iki tarapyň ýakyn hyzmatdaşlygynyň esasy faktorlaryndan biri boldy .
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani sişenbe güni Russiýanyň prezidentiniň kömekçisi Igor Lewitin bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine yşarat etmek bilen, Eýran bilen Russiýanyň global energiýa bazardaky möhüm roly barada durup geçmek bilen iki ýurduň resmileriniň çynlakaý erk we yzygiderli tagallalary bilen Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk strategiki şertnamalaryň ýolundadyr diýdi.
Bu ýygnakda Igor Lewitin, Eýran Yslam Respublikasynyň energiýa we tranzit pudagyndaky täsin mümkinçiliklerine we artykmaçlyklaryna ünsi çekip, rus kompaniýalarynyň Eýranda infrastruktura taslamalaryna köp gatnaşmagy we maýa goýumlary bilen gyzyklanýandygyny mälim etdi.