Şahyň gaçmagy we Eýran halkynyň emläginiň Pahlawi režimi tarapyndan ogurlanmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20196-Şahyň_gaçmagy_we_eýran_halkynyň_emläginiň_pahlawi_režimi_tarapyndan_ogurlanmagy
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň güýçlenmegi bilen ,Eýran halkynyň Pahlawi režimine garşy gozgalaň turuzandan soň, Eýranyň soňky şasy Muhammet Reza Pahlawi 1357-nji ýylyň 26-njy deýinde (1979-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda) maşgalasy bilen dinç almak bahana bilen Eýrandan gaçdy.
(last modified 2023-01-17T12:39:08+00:00 )
Jan 17, 2023 17:39 Asia/Ashgabat
  • Şahyň gaçmagy we Eýran halkynyň emläginiň Pahlawi režimi tarapyndan ogurlanmagy

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň güýçlenmegi bilen ,Eýran halkynyň Pahlawi režimine garşy gozgalaň turuzandan soň, Eýranyň soňky şasy Muhammet Reza Pahlawi 1357-nji ýylyň 26-njy deýinde (1979-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda) maşgalasy bilen dinç almak bahana bilen Eýrandan gaçdy.

  Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň güýçlenmegi bilen ,Eýran halkynyň Pahlawi režimine garşy gozgalaň turuzandan soň, Eýranyň soňky şasy Muhammet Reza Pahlawi 1357-nji ýylyň 26-njy deýinde (1979-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda) maşgalasy bilen dinç almak bahana bilen Eýrandan gaçdy.   Ondan öň we ondan soň Pahlawi maşgalasy we ýurduň we goşunyň köp sanly ýokary derejeli resmileri Eýrandan çykyp, eýran halkynyň köp baýlygyny girew hökmünde alyp, daşary ýurtlara geçirdiler.

Pahlawi maşgalasynyň we Pahlawi režimiň işgärleriniň Eýrandan çykaran emläk mukdary baradaky mesele köp ara alnyp maslahatlaşyldy. Amerikanyň tanymal taryhçylaryndan biri "Ýerwanand Abrahimiýan" " Eýran Iki rewolýusiýanyň arasynda " atly kitabynda Muhammet Reza Pahlawiniň garyndaşlarynyň ogurlan emläkleriniň takmynan 2 milliard dollara ýetendigini aýtdy.

1979-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda "Nýu-Yorkork Taýms" gazetiniň dünýä bank çeşmelerine salgylanyp, Şa režimiň soňky iki ýylynda Eýranyň şa maşgalasy tarapyndan ABŞ-a 2 milliarddan 4 milliard dollar aralygynda pul geçirilendigini ýazdy. Eýranda wezipesinden boşadylan şa Muhammet Reza Pahlawi Eýrandan 35 milliard dollarlyk emlägi çykarandygyny Medialar ýazandyrlar.  

Pahlawiniň ýykylmagyndan soň şa şaý-sepleriniň syry" atly makalanyň awtory: Muhammet Reza we Farah Pahlawi Eýrandan çykanda, şa şaý-sepleriniň köpüsi köp mukdarda çemodanlar bilen birlikde ýurtdan çykaryldy. Gymmat bahaly daşlar we gadymy zatlar hazynasy Niawaran köşgüniň howpsuz ýerlerinde saklanýardy weli Şa zenani olary ýurtdan çykarandyr.Elbetde, bu Pahlawi maşgalasynyň uly ogurlygynyň diňe bir bölegidir. Bu maşgalanyň tarapyndan,Öňki ýyllarda Şweýsariýa, Italiýa, Angliýa we Amerika ýaly dürli ýurtlarda jaý we willa satyn almak üçin ummasyz pul sarp edipdi.

Şah režimi ýykylmazyndan ozal we soň Muhammet Reza Pahlawiniň ýoldaşlaryndan Ahmad Ali Masud Ansari Yslam Rewolýusiýasy senedler merkezi bilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: Şahyň ýurtdan çykaran baýlygy dört bölege bölünýär diýdi.

Bu sanlar we statistika, beýleki köp sanly subutnamalar bilen birlikde, Pahlawiniň režimiň Eýran halkynyň baýlyklaryny talandygyny we Yslam Rewolýusiýasyndan öň döwründe milliardlarça dollarlyk emläkleri ogurlandygyny görkezýär.