Feb 28, 2018 17:37 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran goranyş kuwwatlylygy barada gepleşik geçirmez

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani raketa we goranyş enjamlaryny bejermek üçin Eýran hiç kimden rugsat almaz diýip yglan etdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani Eýranyň günortasynda ýerleşen Bandar Abbas şäheriniň ilatynyň arasynda eden çykyşynda sebitde howpsyzlyk düzgünini kadalaşdyrmak ugurda goňşy we dost ýurtlar bilen Tehranyň arkadaşlyk etmäge taýýarlygyny yglan etmek bilen bir wagtda Orta Gündogaryň howpsyzlygy kesekilere mätäç däldir diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Ruhani sözüniň dowamynda soňky aýlaryň boýunda Eýran milletine urgy urmak ugurdaky Amerikanyň tagallalaryna yşarat edip bu ugurda Amerika ýeke galandyr sebäbi dünýäniň köp ýurtlary şol sanda Ýewropa ýurtlary Amerikanyň bu hereketlerini ýazgarandyrlar diýip beýan etdi.

Ruhani şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşinde Amerika we Iňlisiň tagallalary bilen Eýrana garşy çykarlan karar haty Orsýetiň weto etmegi babatly gadyrdanlygyny bildirdi.

prezident Ruhani şeýle-de dünýä ýurtlaryna garap Ýemen halkyna oýlanýan bolsaňyz  weýran ediji ýaraglary Saud Arabystanyň erkinde goýmazlygyny we uruşa uçran Ýemen halkyna iýmit we derman kömekleri ýetirmek üçin Saudylara basyş bermeklerini tabşyrdy.

Tags