Eýranyň ÝB-ynyň sanksiýalaryna beren jogaby
(last modified Thu, 26 Jan 2023 15:05:04 GMT )
Jan 26, 2023 20:05 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ÝB-ynyň sanksiýalaryna beren jogaby

Ýewropa Bileleşiginiň soňky sanksiýalaryna jogap hökmünde Eýran hem,Ýewropaly şahsyýetlere we guramalare täze sanksiýalary girizdi.

 

Çarşenbe güni 27-njy ýanwarda,Eýranyň Daşary işler ministrligi   Ýewropa Bileleşigindäki 3 edaranyň we kompaniýanyň we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň 22 jogapkäriniň sanksiýalara girilendigini aýtdy.Şeýle-de Angliýanyň bir guramasyna we jogapkär ýa-da jogapkärçiligi bolan 8 adama  Eýran sanksiýalary goýandyr. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň beýanynda bu taraplar  we guramalar "terrorçylyga we terrorçy toparlara goldaw bermek, terrorçylyk hereketlerini etmekde we Eýran halkyna garşy zorlugy öjükdirmekde we höweslendirmekde, Eýran hakda ýalan maglumatlary ýaýratmakda, şeýle hem Eýran halkyna garşy rehimsiz sanksiýalaryň güýçlendirilmegine gatnaşmak aýplanandyrlar.

Eýranyň bu hereketi, Ýewropa Bileleşigi we Angliýa tarapyndan Eýranyň käbir parlamentarilerine, kazyýet, harby, administratiw we medeni işgärlerine garşy girizilen sanksiýalara jogapdyr.

Geçen Duşenbe güni Ýewropa Bileleşigiň Daşary işler ministrleriniň geňeşinde ,adam hukuklary meselesi bahanasy bilen Eýrana garşy sanksiýalaryň dördünji bukjasynyň tassyklanandygyny habar berildi; Täze sanksiýalar bilen Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana garşy sanksiýalarynyň sanawy adam hukuklary bahanasy bilen 173 adama we 31 edara çenli artdy.

Soňky aýlarda Eýranda bolup geçen wakalardan we Eýran şäherlerinde, Ýewropa Bileleşiginde we Angliýa, Fransiýa we Germaniýa ýurtlarynda ABŞ we Kanada bilen birlikde käbir tolgunyşyklaryň ýüze çykmagy bilen, Eýrana syýasy we ykdysady basyş etmekde hemişelik çäreleri ýola goýdylar.

 Ýewropalylar, ykdysady sanksiýalary köpeltmek we adam hukuklaryny goramak bahanasy bilen Eýran hökümetine edilýän basyşy güýçlendirmäge synanyşýarlar.  

Bu, Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan, günbatarlylaryň sanksiýalary ulanmak we Eýranyň içerki işlerine goşulmak baradaky konstruktiw däl hereketleridir.